«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň tomsundan başlap, Kazandan Türkmenabada täze gatnaw açar, şeýle hem Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça uçuşlary dikelder. Bu barada kazan howa menziliniň resmi saýty habar berýär.
Tatarystan Türkmenistan bilen yzygiderli göni awia gatnawlaryny ýola goýan Russiýanyň ilkinji hem-de başlangyç tapgyrda ýeke-täk sebitidir.
2022-nji ýylyň 1-nji iýunynda «Türkmenistan» awiakompaniýasy» Kazandan Türkmenabada ilkinji yzygiderli gatnawyny amala aşyrar. Gatnawlar her hepdäniň çarşenbe günleri amala aşyrylar, Kazandan uçuş wagty – 18:30, Türkmenabada gonýan wagty – 23:30.
2022-nji ýylyň 1-nji iýulyndan Aşgabada şu aşakdaky gatnaw tertipleri ýolagçylara elýeterli bolar:
- her anna güni Kazandan 10:50-de uçup, 16:20-de Aşgabada gonýar;
- her ýekşenbe güni Kazandan 23:35-de uçup, ertesi güni 05:05-de Aşgabada gonýar.
Her howa menzili üçin ýerli wagt görkezildi. Uçuş tertibine üýtgeşme girizilip bilner.
Ýatlatsak, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny 2016-njy ýylda işe girizdi. Täze ugruň açylmagy Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda işewür gatnaşyklary ösdürmäge goşant goşdy. 2020-nji ýylyň mart aýynda pandemiýa zerarly Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky howa gatnawlary togtadyldy.
Şeýle-de okaň:
- «Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlaryň ýolagçylar üçin uçuş düzgünlerini neşir etdi
- “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasy awiapeteklerini çalyşmagyň we satyn almagyň tertibini düşündirdi
- «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilligi howa gatnaw petekleriniň satuwyny gaýtadan ýola goýdy
- Kazanyň halkara howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň tertibini mälim etdi
- «Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçar gatnawlaryny bölekleýin dikelder