Turkmenportal logo
26.05.22
3892238922
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kazanyň howa menzili Türkmenabada we Aşgabatda yzygiderli howa gatnawlaryny bildiriş etdi
Photo author: Dmitry Mamykin

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň tomsundan başlap, Kazandan Türkmenabada täze gatnaw açar, şeýle hem Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça uçuşlary dikelder. Bu barada kazan howa menziliniň resmi saýty habar berýär.


Tatarystan Türkmenistan bilen yzygiderli göni awia gatnawlaryny ýola goýan Russiýanyň ilkinji hem-de başlangyç tapgyrda ýeke-täk sebitidir.


2022-nji ýylyň 1-nji iýunynda «Türkmenistan» awiakompaniýasy» Kazandan Türkmenabada ilkinji yzygiderli gatnawyny amala aşyrar. Gatnawlar her hepdäniň çarşenbe günleri amala aşyrylar, Kazandan uçuş wagty – 18:30, Türkmenabada gonýan wagty – 23:30.


2022-nji ýylyň 1-nji iýulyndan Aşgabada şu aşakdaky gatnaw tertipleri ýolagçylara elýeterli bolar:


  • her anna güni Kazandan 10:50-de uçup, 16:20-de Aşgabada gonýar;
  • her ýekşenbe güni Kazandan 23:35-de uçup, ertesi güni 05:05-de Aşgabada gonýar.

Her howa menzili üçin ýerli wagt görkezildi. Uçuş tertibine üýtgeşme girizilip bilner.


Ýatlatsak, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny 2016-njy ýylda işe girizdi. Täze ugruň açylmagy Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda işewür gatnaşyklary ösdürmäge goşant goşdy. 2020-nji ýylyň mart aýynda pandemiýa zerarly Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky howa gatnawlary togtadyldy.


Şeýle-de okaň: