“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasy awiapeteklerini çalyşmagyň we satyn almagyň tertibini düşündirdi

00:5826.05.2022
0
37994

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasy özüniň resmi saýtynda awiapeteklerini çalyşmagyň we satyn almagyň tertibini düşündirdi

Ozal Moskwa—Aşgabat, Kazan—Aşgabat we Sankt-Peterburg—Aşgabat ugurlary boýunça awiapetek satyn alyp, ony ulanyp bilmedik ýolagçylar bu petekleri öz ýakyn garyndaşlarynyň kömegi bilen Türkmenistanyň çägindäki “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň bölümlerinde çalşyp bilerler.

Petekleri Russiýanyň çäginde rublda satyn almak isleýän raýatlar şu maglumatlar arkaly habarlaşyp bilerler: +79119300080 ýa-da +78124599899 we avia@itmgroup.ru elektron salgysy. Kazan—Türkmeanabat ugruna ekonom klas üçin petegiň bahasy walýutanyň hümmetine baglylykda, 24-25 müň rubla barabar bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň