Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenildi

23:3229.05.2022
0
2002
Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenildi

Şu gün Türkmenistanda halkyň milli mirasy hem gymmatlygy bolan Türkmen halysyny baýramy giňden bellenilip geçildi.

«Watan» habarlar gepleşiginiň habar bermegine görä, Aşgabat şäherindäki «Aş­ga­bat» aý­dym-saz mer­ke­zin­de «Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi­niň, Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň bi­le­lik­de gu­ra­mak­la­ryn­da pu­da­gyň iş­gär­le­ri, köp san­ly aş­ga­bat­ly­lar we paýtagtyň myh­man­la­ry üçin baýramçylyk konserti geçirildi.

Türkmenistanyň ak mer­mer­li paý­tag­ty türk­men ha­ly­la­ry­na ba­gyş­la­nan esa­sy da­ba­ra­la­ryň mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Aş­ga­bat özün­de hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­le­ri bi­len mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni ut­gaş­dyr­ýar. Onuň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ryn­da ha­ly göl­le­ri­niň mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.

2016-njy ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň bi­na­sy ýo­lag­çy ter­mi­na­ly­nyň üçe­gin­de ha­ly gö­lü­niň ýer­leş­di­ril­me­gi bi­len, «Iň uly ha­ly gö­li» (705 ine­dör­dül metr) hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­byn­da orun al­dy.

Aşgabadyň nurana ag­şam­yn­da ýaň­la­nan ýa­kym­ly aý­dym­lar we saz­lar, tans to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry mil­li gym­mat­ly­gy­myz bo­lan türk­men ha­ly­la­ry­nyň hor­ma­ty­nyň be­lent tu­tul­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­na öw­rül­di.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň