Soňky habarlar

Arhiw

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Aşgabatda multfilm şüweleňi geçiriler

15:3530.05.2022
0
7181

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Mahabat” müdirligi Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Multfilm şüweleňini geçirýär. Bu barada Turkmen TV habar berdi.

Bu şüweleňde müdirlik tarapyndan taýýarlanan multfilmleriň esasynda masgarabazlaryň alyp barmagynda çagalar bilen sorag-jogap, sowgatly soraglar, Nur ýüpek show, çagalaryň aýratyn ukyplary we ene-atalar üçin ýörüte sowgatly bije garaşýar. Bu şüweleňe “Nur ýüpek”, “Bedew jeans”, “Merw dokma” hemaýatkärlik edýärler.

Şüweleň 1-nji iýunda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde sagat 10:30-da başlaýar. Giriş tölegsiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň