Türk häkimiýeti hassahanalaryň çäginden başga ýerlerde hökmany agyz-burun örtügini dakynmak zerurlygyny ýatyrdy. Ýurduň saglygy goraýyş ministri Fahretdin Kokanyň belleýşi ýaly: «Üç gün bäri yzly-yzyna koranawirus ýokançy bilen keselläp hasaba alynýanlaryň sany müňden hem az. Şonuň üçin hem jemgyýetçilik ulaglarynda we köp adamly ýerlerde agyz-burun örtügini dakynmak kadasy aradan aýryldy. Hassahanalaryň çäginden başga ýerde agyz-burun örtüklerini dakynmak wajyplygy ýok».
Mundan başga-da ministr, bar bolan tejribäni göz öňünde tutup, raýatlaryň jemgyýetçilik ulaglarynda we köp adamly ýerlerde agyz-burun örtügini ýanyňda götermegiň kada laýyk boljakdygyny belledi.
Soňky bir günüň dowamynda Türkiýede koronawirus ýokanjy bilen kesellän adamlaryň 864-si hasaba alyndy.