Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda programma üpjünçiligi üçin kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine karzlary bermegiň Tertibi tassyklanyldy

16:4230.05.2022
0
20233

Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek boýunça işler hem-de taýýar milli programma önümleriniň we enjamlarynyň satyn alynmagy we ulanyşa girizilmegi üçin kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine karzlary bermegiň Tertibi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň degişli buýrugy Adalat ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Resminama laýyklykda, telekeçilere karzlary bermegiň şertleri şu tertipde kesgitlenilýär:

1) milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek boýunça işler üçin ýyllyk 2 göterim bilen, 2 ýyl ýeňillik döwri bolan 5 ýyl möhlete;

2) taýýar milli programma önümleriniň we enjamlarynyň satyn alynmagy we ulanyşa girizilmegi üçin ýyllyk 2 göterim bilen, 6 aý ýeňillikli döwri bolan 3 ýyl möhlete.

Karz almaga ýüz tutýan telekeçilerden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan berlen ygtyýarnamasynyň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň oňyn netijenamasynyň bolmagy, hem-de salgytlaryň ähli görnüşleri boýunça bergisiniň we hereket edýän karzlary boýunça möhleti geçen, bergileriniň bolmazlygy talap edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň