Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Minskden ýörite uçuşlaryň ikisini amala aşyrar

09:4830.05.2022
0
26894

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Belarus Respublikasyndan ýörite uçuşlaryň ikisini amala aşyrar.

Minsk şäheriniň halkara howa menzilinden guraljak bu uçuşlar 2-nji we 3-nji iýunda bolar diýip, «Atavatan-Türkmenistan» neşiri ýazýar.

Iki döwletiň arasynda yzygiderli howa gatnawlarynyň 2020-nji ýyldan bäri wagtlaýyn togtadylandygyny ýatladýarys.

Şeýle hem awiakompaniýanyň 30-njy maýdan Dubaý (BAE), 1-nji iýundan bolsa Kazan (Russiýa) şäherlerine yzygiderli gatnawlary ýola goýup başlajakdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň