Soňky habarlar

Arhiw

11-nji maýdan başlap Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmegiň jerimesi artdyryldy, ýol hereketiniň düzgünlerini bozýan sürüjilere we pyýadalara jerime tölegleriniň möçberi ýokarlandyryldy, «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezi gaýtadan

09:5013.05.2022
0
56126

1. Türkmenistanyň Administrtiw hukuk bozulmalary hakyndaky Kodeksine girizilen üýtgeşmeler we goşmaçalar 11-nji maýdan güýje girdi.

2. Türkmenistanda sürüjiler tarapyndan hereket tizliginiň artdyrylmagynyň jerimeleri ýokarlandyryldy. Has takygy bellenilen hereket tizliginiň sagatda 30-dan ýokary, ýöne 50 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy, jerimäniň möçberini binýatlyk mukdarynyň ikisinden üçüsine çenli artdyryldy. Şeýle-de tizligiň 50 km/sag artdyrylmagy – binýatlyk mukdarynyň bäşisinden ýedisi möçberine çenli ýokarlandyryldy we bu düzgün bozulmanyň alty aýyň dowamynda gaýtalanmagy, 3 aý möhlet bilen ulagy dolandyrmak hukugyndan mahrum eder.

3. Raýatlar tarapyndan jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek bilen baglanyşykly administratiw düzgün bozulma 6 aýyň dowamynda gaýtalanan ýagdaýynda, binýatlyk mukdarynyň ikisi möçberinde jerime salynmagyna getirer. Ilkinji administratiw temmi hökmünde binýatlyk mukdarynyň birisi möçberinde jerime kesgitlenýär.

4. Ýol hereketiniň düzgünlerini bozan pyýadalar üçin hem jerime tölegleri ýokarlandyryldy. Resminama laýyklykda, duýduryş belgilerine, ýol çyzgylaryna ýa-da ýolyşygyň (swetofor) duýduryşyna biparh garalan ýagdaýynda, düzgün bozujylara binýatlyk mukdarynyň 0,4-si möçberinde jerime belleniler. Bu hereketiň gaýtalanmagy binýatlyk mukdarynyň birisi möçberinde jerime salynmagyna getirer. Ýol hereketiniň düzgünleri 16 ýaşa ýetmedik ýetginjekler tarapyndan bozulan ýagdaýynda, olaryň ene-atalaryna ýa-da kanuny hossarlaryna jerime salnar.

5. Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezi gaýtadan işläp başlady. Müşderiler her gün sagat 09:00-dan 21:00-a çenli dükanlaryň, naharhanalaryň, dellekhanalaryň, ussahanalaryň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler.

Dünýäde
1. Esasy kriptowalýutanyň bahasy düşmegini dowam edýär. Bitkoiniň nyrhy wagtlaýyn $28 000 dollardan hem pese gaçdy, bu bolsa 2020-nji ýylyň dekabryndan bäri iň pes görkezijidir.

2. Gawaýi adalarynda ispaniýaly suratkeş Salwador Daliniň mum heýkeli tapyldy. Soňky 40 ýylyň dowamynda ol ýok edilen hasaplanýardy, onuň bahasy bolsa $20 mln dollar möçberinde kesgitlenýär.

Sport habarlary
1. Halkara küşt federasiýasy (FIDE) türkmen küştçisi Meýlis Annaberdiýewe grossmeýster derejesini berdi. Munuň üçin ildeşimiz zerur bolan 2500 utugy gazanyp, kesgitlelen reýting çägini geçmelidi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň