Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine girizlen goşmaçalar we üýtgetmeler 11-nji maýdan güýje girdi. «Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetleriniň şu günki sanynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň goly bilen tassyklanan Türkmenistanyň degişli Kanuny çap edildi.
Täze goşmaçalar we üýtgetmeler ulag serişdelerini dolandyryjylaryň we pyýadalaryň jogapkärçiligini has-da artdyrýar.
Kanunyň türkmen we rus dillerindäki nusgalary bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.