Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly küştçä grossmeýster derejesi berildi

01:1312.05.2022
0
12257

Halkara küşt federasiýasy (FIDE) türkmenistanly küştçi Meýlis Annaberdiýewe grossmeýster derejesini berdi. Bu barada Orient ýazýar.

Bu karar FIDE-niň aprel aýynda Abu-Dabide geçirilen mejlisinde gelindi.

Küştçi grossmeýterlige hukuk berýän 2500 reýting çäginden geçdi. Häzir 37 ýaşly ildeşimiziň 2507 utugy bar. Şunda Annaberdiýewiň soňky gatnaşan ýaryşlarynyň heniz hasaba goşulmandygyny hem aýtmak gerek. Şeýlelikde, ol türkmenistanly küştçüleriň arasynda iň uly reýting utugynyň eýesidir.

Meýlis Annaberdiýew halkara ýaryşlaryň birnäçesiniň baýrakly orunlarynyň eýesidir. Şol sanda ol 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda bürünç medala hem mynasyp boldy. Şeýle hem onuň sport ýoluny Türkmenistanyň birnäçe gezek çempionlygy şöhratlandyrýar. Meýlis meşhur küştçüler maşgalasy Annaberdiýewleriň bir wekilidir. Ol ilkinji tälimleri kakasy, FIDE-niň ussady Baýram Annaberdiýewden we agasy Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýewden aldy.

Meýlis şertnamasy tamamlanýança, häzir Türkiýäniň ýokary ligasynda Mersin şäherine wekilçilik edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň