Soňky habarlar

Arhiw

«Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezi gaýtadan işläp başlady

18:1112.05.2022
0
27687

Şu gün – 12-nji maýdan başlap Aşgabat şäheriniň Oguz han köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezi gaýtadan dikeltdi. Bu barada «Turkmenportal» web saýtymyza söwda merkeziniň satyjylary habar berdi.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin söwda merkezindäki dükanlar her gün irden 09:00-dan 21:00-a hereket eder.

Belläp geçsek, dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkeziniň işi şu ýylyň ýanwar aýynda çäklendirilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň