Top.Mail.Ru

Türkmenistan EKG enjamlaryny aldy, Ahal-Siti-däki işler tamamlaýjy tapgyra gadam basdy, Fransiýanyň we Beýik Britaniýanyň Liderleri Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlaryny iberdiler we beýleki täzelikler

10:1415.04.2022
0
9837

1. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine 20 sany elektrokardiografiýa enjamy gowşuryldy. Lukmançylyk enjamlarynyň nobatdaky tapgyry BMGÖM tarapyndan Türkmenistana berildi.

2. TSTB-2022 sergisinde Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň maketi görkezildi. Işleriň utgaşdyryjysy Ahal Sagytowyň sözlerine görä, bu iri desgada gurluşyk işleri doly tamamlandy diýen ýaly. Bag nahallaryny oturtmak we şäher merkezindäki seýilgähi tertipleşdirmek işleri galdy.

3. Fransuz Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron we Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri Boris Jonson Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlaglaryny iberdiler.

4. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili 12-13-nji aprelde Merkezi Aziýa ýurtlarynda serhetara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça duşuşyga gatnaşdy.

5. «Begler ýoly» hususy kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisinde dürli diametrli kompozit aýnaplastik armaturasyny hödürlediler. Häzirki wagtda kompaniýa dürli diametrli — 4mm-den 25 mm çenli kompozit armirleýji elementleriň önümçiligini ýola goýdy.

6. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde rus dili we edebiýaty hepdeligi geçirilýär. Bu ýerde rus diline we edebiýatyna, Russiýanyň ylmyna we sungatyna bagyşlap, professor-mugallymlar düzümi tarapyndan taýýarlanylan sergi ýaýbaňlandyryldy.

7. TSTB-2022 sergisinde Döwlet gurluşyk HJ bazalt süýümini hödürledi. Kärhana ýurt boýunça bu materialy ýeke-täk öndüriji bolup durýar.

8. «Ahal» AFK-2022 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň 3 tapgyr duşuşygynda «Fulad» bilen deňme-deňligi elden gidirdi. Duşuşyk eýranly toparyň peýdasyna 0:1 hasabynda tamamlandy.

9. Russiýada СOVID-19-a garşy dünýäde ilkinji iýilýän waksinanyň klinikadan öňki synaglary tamamlandy. Rýaženka tagamly enjam koronawirusly şipowidli belogyň genomy bilen probiotiki bakteriýalaryň esasynda taýýarlanyldy. Ýakyn wagtda meýletinçilerde iýilýän waksinanyň kliniki synaglary başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň