Soňky habarlar

Arhiw

Boris Jonson: «Beýik Britaniýa Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirer»

11:5714.04.2022
0
8584

Beýik Britaniýa Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirer. Bu barada Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri Boris Jonson Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýazan hatynda belläp geçdi.

«Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz baradaky habary uly gyzyklanma bilen kabul etdim. Öňümizdäki ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky işjeň we netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigimize ynam bildirýärin» — diýlip, Boris Jonsonyň «Türkmenistan» gazetinde çap edilen Gutlag hatynda bellenilýär.

Boris Jonsonyň aýtmagyna görä, döwletleriň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça döwlet ministri, Uimbldonyň Lordy Ahmad we beýleki resmi adamlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn netijeli gepleşikleri geçirdiler.

«Siziň ýurduňyzyň «ýaşyl» energiýa çeşmesine geçmegi ugrunda hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçilikleri örän uludyr. Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekdäki bilelikdäki tagallalar özara söwda gatnaşyklarymyza itergi berjek täze ugurlary kesgitlemäge mümkinçilikleri açar» diýip, Boris Jonson belleýär.

Hatynyň ahyrynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri Boris Jonson Serdar Berdimuhamedowa ýurduň we halkyň bähbidine tutumly başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň