Top.Mail.Ru

«Döwlet gurluşyk» Türkmenistanda bazalt süýümini öndürýän ýeke-täk kärhana

12:1014.04.2022
0
12448

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide «Döwlet gurluşyk» hususy kärhanasy bazalt daşyndan alynýan süýüm bilen çykyş etdi.

Hususy kärhana tarapyndan 2017-nji ýyldan bäri öndürilýän bu önüm ses we ýylylyk geçirmeýär.

Hususy kärhananyň baş hünärmeni Begenç Amanow «Turkmenportal» web saýtymyzyň habarçysyna şeýle gürrüň berdi:

«Häzirki wagtda biziň kärhanamyzyň Türkmenistanda bazalt daşyndan süýüm öndürýän ilkinji kärhanadyr. Ahal welaýatynyň Ýaşlyk şäherçesiniň çäginden 2 gektar meýdanda zawod gurduk. Ýokary hilli önüm öndürmek üçin Russiýadan getirilen enjamlar işledilýär. Çig maly Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinden alýarys. Kärhanamyzyň kuwwatlylygy ýylda 100 müň inedördül metr süýüm öndürmäge ukyplydyr. Ýurduň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde ulanmak üçin önümlerimize bolan gyzyklanma has-da artýar».

Kärhananyň esasy işi gurluşyk işlerini alyp barmak. Soňky ýyllarda kärhana Türkmenabat, Türkmenbaşy, şeýle-de Aşgabat şäherlerinde birnäçe binalaryň gurluşygyny alyp bardy.

Häzirki wagtda gurluşygy gyzgalaňly alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde hem hususy kärhana tarapyndan dört sany desganyň gurluşyk işleri ýerine ýetirilýär. Olaryň arasynda 7 gatly ýaşaýyş jaýy, «Halkbankyň», şeýle-de harby we hukuk goraýjy işgärleriň edara binalary bar.

TSTB-niň gazananlarynyň üstünliklerini görkezýän sergi 18-nji aprele çenli dowam eder.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň