Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän «Abat şekil» hojalyk jemgyýet geçen aýdan bäri LED filament lampalarynyň täze A-60, E-27 görnüşini öndürilip başlady. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi web saýtynda habar berilýär.
Geçen ýylyň sentýabr aýynda işe girizilen kärhanada filament lampalaryň 10-dan gowrak görnüşi öndürilýär.
Hytaýyň tehnikadyr tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhananyň her aýda 300-400 müň lampa öndürmäge mümkinçiligi bar. Önümçilikde esasy çig mal hökmünde ýagtylyk diodlary bolan filament sapaklary ulanylýar. «GÖRK» filament lampalary elektrik energiýasyny adaty lampalardan 10 esse az sarp edýär, ýagtylygy 360 gradus ýaýradýar.
Häzirki wagtda bu ýerde ýigrimiden gowrak işçi-hünärmen zähmet çekýär.
Ýadyňyzda bolsa, mundan öz biz okyjylarymyza Türkmenistanda «GÖRK» haryt nyşanly filament lampalarynyň önümçiliginiň ýola goýulandygyny habar beripdik.