Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi açyldy

11:0012.04.2022
0
7811

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli, ýurduň hususy pudagynyň gazananlaryny görkezýän sergi öz işine başlady.

Forumyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Milli Geňeşiň palatalarynyň deputatlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, habar beriş serişdeleriň, şeýle-de diplomatik gullugyň wekilleri gatnaşdylar.

Sergi merkezinde hususy pudagyň dürli ugurlary boýunça ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalarynyň 200-e golaýynyň pawilýonlary ýerleşdirildi.

Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen serginiň dowamynda täze önümleriň görkezilişi, TSTB-niň agzalarynyň maslahaty, şeýle-de birleşmäniň Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmekdäki mümkinçilikleri bilen tanyşdyryş çäreleri bolar.

Türkmenistanda öňdebaryjy internet çeşmesi bolan “Turkmenportal” habarlar saýty hem ilkinji gezek bu sergä gatnaşyp, IT hyzmatlary, marketing we PR-tehnologiýalaryndaky maglumat önümleri, şeýle-de bu ugurda gazananlary we mümkinçilikleri bilen sergä gelýänleri tanyşdyrýar.

“Turkmenportal” habarlar portaly 2011-nji ýylda esaslandyrylyp, Türkmenistanda döwlete degişli bolmadyk ilkinji internet habar beriş serişdeleriniň biridir. Saýtyň sahypalarynda ýerleşdirilýän habarlary okaýanlaryň sany häzirki wagta çenli ortaça 4,5 milliondan, sosial ulgamlardaky okyjylarynyň sany bolsa 90 müňden geçýär.

Şu gün öz işine başlan sergi ertir – 13-nji aprelde sagat 18:00-da tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň