Soňky habarlar

Arhiw

«Ýeserje» haryt nyşanly şokolad pastasy öndürilip başlandy

16:4913.04.2022
0
6736
«Ýeserje» haryt nyşanly şokolad pastasy öndürilip başlandy
Surat: www.tstb.gov.tm

Aşgabatdaky «Parahat» hususy kärhanasy «Ýeserje» haryt nyşanly pisseli şokolad pastalaryny öndürip başlady.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda bellenilişi ýaly, täze önümiň düzüminde hiç hili himiki goşundy bolman, ol tebigy çig maldan taýýarlanýar hem-de ekologik taýdan arassa hasaplanýar.

«Parahat» hususy kärhanasy 1993-nji ýyldan bäri önümçilik pudagynda işjeň çykyş etmek bilen miweli içgileri, çaýlary, gazlandyrylan içgileri, «Ýeserje» haryt nyşanly çaga iýmitlerini, şeýle-de süýt we et önümlerini öndürip gelýär.

Kärhananyň önümleri Italiýanyň häzirki zaman enjamlarynda işlenip taýýarlanylýar we Ýewropa hem-de sebitiň beýleki ýurtlaryna eksport edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň