Türkmenistan we Merkezi Aziýa ýurtlary sebitara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

17:4914.04.2022
0
8860

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili 2022-nji ýylyň 12-13-nji aprelinde wideoaragatnaşyk arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynda serhetüsti hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin taslamanyň çäginde döredilen Dolandyryş komitetleriniň iş duşuşyga gatnaşdy.

Iş duşuşygynyň barşynda, Merkezi Aziýada serhetüsti hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin taslamany ýerine ýetirmegiň indiki tapgyry, şeýle hem 2022-2023-nji ýyllara niýetlenen çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, nobatdaky duşuşyk, Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäginde geçirildi. Bu Maksatnama 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gol çekildi. Taslama, serhetlerde hereket edýän edaralaryň özara hereketini utgaşdyrmak üçin bilelikdäki otaglary döretmek hem-de bu edaralaryň özara aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek arkaly gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň