Soňky habarlar

Arhiw

Makron Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady

10:4014.04.2022
0
6131

Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady.

Makron Gutlag hatynda: Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn we fransuz halkynyň dosty bolan türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin» — diýip, belläp geçýär. Gutlag haty «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Gutlag hatynda 1992-nji ýylyň 6-njy martynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri, Fransiýa we Türkmenistan özara gatnaşyklaryny has-da berkitdiler. Syýasy ulgamda Fransiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny yglan eden Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş edenidigi bellenilýär.

«Türkmenistanda fransuz institutynyň hem-de Fransuz-türkmen arheologiýa toparynyň döredilmegi bilen, biz fransuz medeniýetiniň Türkmenistanda ýaýylmagyna hem-de Siziň ýurduňyzyň köpasyrlyk taryhy mirasynyň Fransiýada we dünýäde wagyz edilmegine esaslanýan ýakynlaşmak ýoluny saýlap aldyk» — diýip, Makron hatynda belläp geçýär.

Hatynyň ahyrynda Makron Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, şeýle hem daşky gurşawyň, saglygy goraýşyň, howpsuzlygyň ählumumy meselelerini bilelikde çözmek üçin ony täze ulgamlarda giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň