Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Konsullygy sport we baýramçylyk çärelerini gurnady

14:4511.11.2020
0
4560

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Konsullygy tarapyndan sportuň bilýard we tennis görnüşleri boýunça sport çäreleri gurnaldy.

Çärä Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Mazari-Şerip şäherindäki diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty, şeýle hem ýurduň bitaraplyk syýasatyna eýe bolmagynyň taryhy we onuň halkara we sebit durnuklylygyny berkitmekdäki orny barada gürrüň berildi. Gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlary hakynda hem aýdyp berildi.   

Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, adalatlylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine eýerýändigini, bütin dünýäde ählumumy parahatçylyga, howpsuzlyga we abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty amala aşyrýandygyny belläp geçdiler.

Mundan başga-da, Türkmen-owgan söwda öýüniň wekilleri bilen bilelikde sergi-ýarmarka hem guraldy. Onda Türkmenistanda öndürilen dokma önümler görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň