Hytaýyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Täze ýyl sebäpli bir hepdelik wiza resmileşdirmek üçin arzalary kabul etmegi togtadýar. HHR-niň diplomatik wekilhanasynyň sosial ulgamlardaky sahypasynda 28-nji ýanwardan 4-nji fewrala çenli dynç alyş barada habar peýda boldy.
"Hytaý Täze ýyl baýramynyň başlanmagy mynasybetli 2025-nji ýylyň 28-nji ýanwaryndan 4-nji fewralyna çenli Ilçihananyň konsullyk bölümi resminamalary resmileşdirmek üçin arzalary kabul etmegi togtadýar. Ýüze çykan oňaýsyzlyklar üçin ötünç soraýarys" diýip, habarda bellenilýär.
2025-nji ýylda Hytaýda Täze ýyl 29-njy ýanwarda belleniler we Täze ýyl 2026-njy ýylyň 16-njy fewralyna çenli dowam eder.