Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasynda 2024-nji ýylda 15 million manatlyga barabar işler ýerine ýetirilip, bellenilen meýilnama 173 göterim berjaý edildi. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Kärhananyň ýyllyk kuwwaty ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 millionyny hem-de diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmäge niýetlenendir.
Bu ýerde öndürilýän harytlaryň agramly bölegi Ukraina, Belarus, Azerbaýjan, Täjigistan, Owganystan, Özbegistan ýaly ýurtlara we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna ugradylýar. Geçen hasabat ýylynda kärhanada taýýar önümleriň jemi 14 million manatlykdan hem gowragy içerki we daşarky bazarlarda ýerleşdirilip, tabşyryk 190 göterim ýerine ýetirildi.
Milli ykdysadyýeti täze belentliklere çykarmak üçin ýurduň günbatar sebitinde giň mümkinçilikler bar. Hut şonuň üçin hem Balkan welaýatynyň çäklerinde ýakyn ýyllarda ýod-brom suwlaryny gaýtadan işläp, ýod we brom hem-de olardan alynýan önümleri öndürýän kärhanalaryň kuwwatlylygyny artdyrmak meýilleşdirilýär. Şonuň netijesinde, ýakyn ýyllarda tehniki ýoduň öndürilişi 2,3 esse artar diýlip, habarda bellenilýär.