Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mongoliýada Türk kaganlygynyň taryhy barada täze maglumatlar tapyldy

15:0015.01.2025
0
5724
Mongoliýada Türk kaganlygynyň taryhy barada täze maglumatlar tapyldy
Surat: caliber.az

Halkara Türk akademiýasynyň habaryna görä, Mongoliýadaky gadymytürk ýazuw ýadygärliginde beýik Türk kaganlygy barada täze maglumatlar ele salyndy.

2019-njy ýyldan bäri Türk akademiýasy we Mongoliýanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa instituty tarapyndan ýurduň Arhangaý aýmagyndaky Nomgon jülgesinde arheologik gazuw-agtaryşlar geçirilýär. 2022-nji ýylda gazuw-agtaryşlarda bu ýerden ele salnan gadymytürk diwar ýazgylarynyň 12 setirini («Gutlug kagan Türk ... Tengri ogly...») we sogdy ýazgylaryň 6 setirini («Gutlug kagan...»). okamak başartdy. 2024-nji ýylda bolsa, toplumdan ele salnan gadymyhytaý diwar ýazgysyny okamak üçin Mongoliýanyň belli hünärmenleri kömege çagyryldy. Olaryň tagallalary netijesinde, daş diwaryň ýüzündäki «Türk» we «Gutlug» diýen sözler anyklandy.

Alymlar Nomgon-2 toplumyndaky ýadygärlikleriň Ikinji Türk kaganlygyny esaslandyran Ilteriş Gutluk kaganyň (682-692) dolandyran ýyllaryna degişlidigini nygtaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň