Aşgabatdaky Döwletliler köşgüniň çagalary Botanika bagyna gezelenç etdiler. Bagyň hünärmenleri, ylmy işgärleri hem-de professor-mugallymlar okuwçylara Botanika bagynyň bölümleri, daşary ýurtlardan getirilip, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan agaçlardyr güller, ösümlikler hakynda gyzykly gürrüň berdiler. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde alnyp barylýan «Botanika bagynyň ornitofaunasy we ekologiýasy» atly ylmy-barlag işiniň netijeleri bilen tanyşdyrdylar.
Ekzotik görnüşli ösümlikler çagalarda uly täsir galdyrdy. Döwletliler köşgüniň çagalary gyzykly geçen gezelençde ekologiýa, tebigata degişli köp zatlary öwrenendiklerini aýdyp, ýene-de Botanika bagyna gelmegi arzuw etdiler, ýadygärlik surata düşdüler.