12 — 14-nji ýanwar aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde «Haj we umra hyzmatlary» atly dördünji maslahat we sergi geçirilýär. Oňa 80-den gowrak ýurtdan wekiliýetler gatnaşýar.
Türkmen tarapyndan maslahatyň işine Türkmenistanyň Müftüsi Ý.Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2025-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.
Maslahat we sergi öz işini dowam edýär diýlip, habarda bellenilýär.