Aladalardan we yzygiderli talap-tabşyryklardan ýaňa hiç bir zada el degmeýän häzirki dünýäde öz aladaňy edip ýaşamagy başarmak uly bir ussatlyk diýsegem bolar. Işimizi, gatnaşyklarymyzy we beýleki daşarky ownuk-uşak aladalary öňdäki orunda goýup, hut öz mätäjimizi ýatdan çykarýarys. Ýöne, aslynda, fiziki, emosional we psihologiki ýagdaýymyz näderejede özümize seredýändigimiz bilen gönüden-göni bagly.
«Özüňe seretmek» diýen jümlä nähili düşünmeli?
Özüňe seretmek, ylmy dile ýakyn edip aýtsak özüňe ideg etmek diňe bir göwnüňi belentde tutmak hem däl, ol durmuşyňy gowulaşdyrmak üçin oýlanyşykly netijedir. Bu has bagtly, has öndürijilikli we streslere has çydamly bolmaga mümkinçilik berýän öz-özüňi gowy görmek ýörelgesidir. Özüňe seretmek egoistligem däl, eýsem, hakykata seredenimizde-de, biziň her birimiz üçin iň gymmatly zadymyz — özümiz ahyryn.
Öz aladaňy etmegi nädip öwrenmeli?
Ilki bilen, özüňi tana. Öz-özüňi seljermekden başla. Seni bagtly edýän zat näme? Seni näme biynjalyk edýär? Saňa şu durmuşda nämeleri gazanmak zerur?
Serhetleri kesgitle. Gerek ýerinde «ýok» diýmegi başaryň. Beýleki adamlar bilen gatnaşygyňda serhetleri kesgitle we hiç kimiň şahsy dünýäňe girmegine ýol berme.
Bedeniň barada alada et. Yzygiderli maşk etmek, sagdyn iýmitlenmek we ýeterlik derejede ukyňy almak beden saglygynyň esasyny düzýär. Göwnüňe ýaraýan fiziki işjeňligi tap we sagdyn iýmitlenmegi endik edin.
Rahat ýaşa. Dynç almak we özüňi rahatlandyrmak üçin wagt tap. Meditasiýa, ýoga, halaýan kitabyňy okamak — bularyň hemmesi stresden saplanmaga we gujur-kuwwatyňy dikeltmäge kömek eder.
Durmuşdan lezzet al. Durmuşyň şatlykly ýerleriniňem örän kändigini ýatdan çykarma. Halaýan güýmenjäň bilen meşgullan, ýakynlaryň bilen wagt geçir, baryp görmedik ýerleriňe syýahat et.
Duýgularyňa erk et. Duýgularyňy düşünmegi we olary beýan etmegi öwren. Ýaramaz duýgulary ýeňip geçmekde kynçylyk çekýän bolsaň, kömek soramakdan çekinme.
Özüňe söýgi we düşünmek bilen seret. Ýalňyşlyklaryň we kemçilikleriň üçin özüňi bagyşla. Öz iň gowy dostuň bol we islendik ýagdaýda özüňi golda.
Öz aladaňy edip ýaşamak — ilden çykmak däl, ol zerurlyk. Çünki her birimiz özümizi bagtly we sagdyn duýmaga mynasypdyrys.
Peýdalanylan çeşme: www.b17.ru