Gazagystanyň Almaty şäheriniň ýaşaýjylaryna geçen Täze ýyl baýramçylygynda bezelen arçalary ýerli haýwanat bagyna tabşyrmak teklip edildi diýip, «MIR 24» habar berýär.
Tutum 17-nji ýanwara çenli dowam eder. Arçalar tebigy gurşaw döretmek maksady bilen, sugunlaryň, towşanlaryň we beýleki haýwanlaryň kapasalaryna ýerleşdiriler. Haýwanlar olar bilen oýnarlar, şahalaryny we gabyklaryny iýerler.
Ýöne haýwanat bagyna tabşyryljak arçalar zeňsiz, zerli sapaksyz we oýnawaçsyz bolmalydyr.