Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyp ýigitler Kazanyň ýaşaýjysynyň ömrüni halas etdiler

10:3101.10.2020
0
17161

«Meniň şäherim-onlaýn» habarlar gullugynyň habaryna görä, Çuwaş döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň türkmenistanly talyplary Eldar Alyýew we Allabaý Amanmuhammedow uniwersitetiň Minnetdarlyk hatyna mynasyp boldy. Munuň sebäbi uniwersitete Kazan şäheriniň ýaşaýjysy Tatýana Aksakowadan gelip gowşan hatdyr. Ol hatynda türkmenistanly ýigitleriň özüni talaňçydan halas edendigini aýdýar.

Talyplar birinji gatdaky öýde ýaşaýan watandaşyny görmek üçin Kazana geldiler. Agşam sagat 9 töweregi olaryň gulagyna bir zenanyň kömek sorap çirkin gygyrýan sesi ildi. Şol wagt bir talaňçy zenana topulyp, ony bogup başlapdy. Eldar bilen Allabaý köwşüni geýmäge-de gyssanyp, penjireden şol zenanyň öýüne geçdiler. Talaňçy gaçmaga synanyşdy, ýigitleriň biri zenanyň ýanynda galyp, polisiýa jaň etdi, beýlekisi talaňçyny tutdy. Ol polisiýa tabşyryldy.

Türkmenistanly talyp ýigitlere Minnetdarlyk hatynyň gowşurylyş dabarasyna olaryň ata-eneleri hem onlaýn gatnaşdylar. Dabara hemmeler üçin ýakymly boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň