Hindistanyň Tamilnadu ştatynyň baş ministri M.K.Stalin ýurduň Inda jülgesinden (Indus Valley Civilisation, IVC) 100 ýyl mundan öň tapylan gadymy medeniýete degişli syrly haty okap biljek adama 1 million dollar möçberinde baýrak bellenýändigini yglan etdi. Bu barada «Hindustan Times» neşirine salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Uly möçberdäki pul sylagy Inda jülgesindäki gadymy haty okamak üçin iş alyp barýan arheologlary, tamil dilçilerini we tehniki bilermenleri höweslendirmek üçin bellendi.
Inda jülgesiniň syrly haty 1920-nji ýyllaryň başlarynda britaniýaly arheolog Jon Marşallyň ýolbaşçylygyndaky topar tarapyndan ele salyndy. Şol döwürde ady tutulan medeniýete degişli bolan Harappa we Mohenjo-Daro atly gadymy şäherleriň üstünden baryldy.
Emma haty henize çenli okamak başartmaýardy. Eger ony okamak başartsa, Inda jülgesiniň hakyky taryhyny we durmuş-ykdysady gatnaşyklaryny anyklap bolar diýlip, habarda bellenýär.