Soňky habarlar

Arhiw

Naryň ynsan saglygyna peýdalary

0
7233

Gabygyndan başlap, dänesine çenli peýdaly miweleriň biri hem nardyr. Onuň düzüminde peýdaly aminokislotalaryň 15 görnüşi, şeýle-de «C», «A», «B», «PP» witaminleri we kaliý bardyr. Nar ynsan saglygy üçin taýsyz melhemdir.

— Naryň ganazlykda peýdasy örän köpdür. Ol ganyň düzümindäki gemoglobini ýokarlandyrýar.

— Ol gan basyşyny sazlaýar, damarlaryň daralmagynyň öňüni alýar.

— Nar ýatkeşligi gowulandyrýar, ünslüligi we beýniniň işjeňligini artdyrýar.

— Ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaýar.

— Damarlaryň diwarlaryny berkidýär.

— Naryň şiresi işdäni açýar we onuň düzüminde iýmit siňdiriş ulgamyna peýdaly turşulyklar bardyr. Ýöne aşgazan keseli bilen kesellän adamlar nary lukman bilen maslahatlaşyp iýmeli.

— Nar bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar.

— Bogunlaryň çişmesinde agyryny ýeňilleşdirýär.

— Bedeniň garramagyny haýalladýar.

— Naryň gabygy gaýnadylyp içilende içgeçme keseline peýdalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar