Deriniň garramagy: nädip ýönekeý endikler bilen wagty aldap bolar

0
13787

Adamyň derisi — bedeniň iň uly organydyr. Ol bizi daşky gurşawyň zyýanly täsirlerinden goraýar, bedeniň gyzgynlygyny kadalaşdyrýar hem-de başga-da köp sanly möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Ýaşyň gitdigiçe deriniň garramagy guramagy, pigmentasiýasy we beýleki üýtgeşmeleriň ýüze çykmagy bilen bildirýär.

Ýaşlygy we deriniň gelşikliligini saklamak üçin bolsa durmuşymyza birnäçe endikleri girizmeli bolýarys.

Gündelik maşklar myşsalary güýçlendirýär, gan aýlanyşyny we metabolizmi gowulandyrýar, bu deriniň çeýeliginiň ýokarlanmagyna hem-de ýygyrtlaryň tekizlenmegine getirýär. Irdenki maşklary ylgamak ýa-da halaýan başga bir fiziki işjeňligiňiz bilen çalşyp bolar.

Suw —  bütin organizmiň ýaşaýşynyň, şol sanda deriniň hem ýaşaýyş çeşmesidir. Ol epidermisiň öýjüklerini iýmitlendirýär, nemlendirýär we wagtyndan öň garramagyň öňüni alýar. Hünärmenler günde azyndan 1,5 litr suw içmegi maslahat berýärler. Ony günüň dowamynda az-azdan içmek maslahat berilýär.

Günden goraýjy krem. Ultramelewşe şöhleleri deriniň berkligine we çeýeligine jogap berýän kollageni we elastini ýok edýär. Gün ýylyň islendik wagty, hatda bulutly howada hem howpludyr. Gün şöhleleri bulutlardan parran geçip bedene aralaşýar we derä zyýan berip bilýär. Şonuň üçin Gün şöhlesinden goraýan kremi bütin ýylyň dowamynda ulanmalydyr.

Nerw ulgamyny güýçlendirmek. Stress deri öýjükleriniň gaýtadan dikelmek ukybyny peseldýär. Nerw ulgamynyň kadaly işlemegi üçin onuň saglygyny goramak möhümdir. Nerw ulgamyny güýçlendirmegiň köp sanly usuly bar: açyk howada gezim etmek, sport bilen meşgullanmak, meditasiýa, dostlaryňyz bilen söhbet etmek we ş.m.

Deriniň yzygiderli nemlenmegi. Adam derisi her gün çyglylygy ýitirýär, şonuň üçin nemlendirijileri ulanmak möhümdir. Derini bejermek üçin niýetlenen önümleri saýlanyňyzda deriniň görnüşini we ýaşyňyzy göz öňünde tutmak zerur bolup durýar.

Derini ýaş saklamak üçin rasionyňyza ýag kislotalaryna we A hem-de E witaminlerine baý bolan iýmitleri goşmalydyr.

Şekeriň sarp edilişini azaltmak. Artykmaç kabul edilýän şeker derä ultramelewşe şöhlelerinden köp bolmasa az täsir edýän däldir. Glýukoza kollagen we elastin molekulalaryny ýok edýär. Netijede, deri tonusyny ýitirýär, çişýär we sarsýar. Süýjüliklere henizem islegiňiz bar bolsa, süýji önümlerini miweler bilen çalşyp görüň.

Elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwuň. Eller bedenimiziň iň hapany köp kabul edýän bölegidir. Mikroblar we ýokançlyklar çişmä, dermatologiki kesellere we beýleki saglyk müşgilliklerine sebäp bolup biler. Diňe bir daşary çykanyňyzdan soň däl, eýsem günüň dowamynda hem elleriňizi yzygiderli ýuwmaga endik ediniň.

Ukyňyzy ýeterlik derejede alyň. Ukysyzlyk diňe bir deriniň ýagdaýyna ýaramaz täsir etmän, eýsem çynlakaý saglyk müşgilliklerine hem sebäp bolup bilýär. Uky wagtynda bedende möhüm dikeldiş hadysalary ýüze çykýar. Hususan-da, öýjükleriň ösmegine we täzelenmegine jogapkär bolan ösüş gormonlary öndürilýär.

Gajetler — gözelligiň duşmany. Döwrebap adam wagtynyň köp bölegini kompýutere, smartfona ýa-da planşete güýmenip geçirýär. Bu bolsa deriniň ýagdaýyna ýaramaz täsir edip biler. Bedeniň we kelläniň oňaýsyz ýagdaýy gan aýlanyşygyny bozýar, ýadawlykdan gysylan gözler ýygyrtlaryň döremegine getirip bilýär.

Süpürgiçleri yzygiderli çalyşmaly. Çyglylyk bakteriýalaryň köpelmegine getirýär. Süpürgiçler iki-üç günden bir gezek çalşylmasa, bakteriýalar ýygnanar we deriňize girip biler. Wanna girilenden soň epidermisiň gözenekleri açylýar, deri has kabul ediji bolýar.

Ýaşlygy saklamak üçin her gün irden sowuk duş kabul etmek peýdalydyr. Bu diňe bir deriniň ýagdaýyny gowulaşdyrman, eýsem immun ulgamyny hem güýçlendirýär. Şeýle-de bolsa, kontrastly duşlaryň käbir garşylyklaýyn görkezmeleriniň bardygyny hem ýatdan çykarmaly däldiris.

Gündelik massaž we ýüz üçin gimnastika. Massaž derini toksinlerden arassalaýar, kislorod bilen doýurýar we limfa akymyny gowulandyrýar, gimnastika bolsa kiçijik ýygyrtlara garşy göreşmäge kömek edýär.

Ýüzüňizi günde bir gezek ýuwuň. Artykmaç ýuwmak deriniň guramagyna we wagtyndan öň garramagyna sebäp bolup biler. Şonuň üçin kosmetologlar ýüzüňizi günde diňe bir gezek — irden arassa ýyly suw bilen ýuwmagy maslahat berýärler. Agşam makiýažy we hapalary aýyrmak üçin kosmetika serişdelerini ulanmalydyr.

Howuzda ýüzmek — deriniň we tutuş bedeniň garramagyny haýallatmagyň ajaýyp usuly. Myşsa düşýän agram limfa akymyny we gan aýlanyşyny gowulandyrýar, bu hem deriniň ýagdaýynyň gowulaşmagyna we immunitetiň ýokarlanmagyna getirýär. Ýüzmek stressi ýeňilleşdirýär we nerw ulgamyny güýçlendirýär.

Peýdalanylan çeşmeler: miridei.com

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar