Ýazky täzeleniş: saçlarymyza gaýtadan ömür berýäris

0
15810

Uzak gyş aýlarynda köp adamlaryň saçy adaty gözelligini ýitirýär: az-kem reňki üýtgeýär, döwülýär, daramaga oňaýsyz ýagdaýa gelýär. Öýdäki gurak howa, Gün şöhlesiniň we witaminleriň ýetmezçiligi, şeýle hem başgabyň yzygiderli geýilmegi saçyň sagdyn ösmegine ýaramaz täsir edýär. Saçlarymyza gaýtadan güýç, öwüşgin hem-de gözellik bermek üçin nämeler edip bileris?

Saçyňyzy dogry ýuwuň

Möwsümara döwürde iýmitlendiriji we dikeldiji şampunlaradyr balzamlara ýuwmaga ýykgyn ediň. Saçlara göwrüm taýdan gelşik berýän serişdeleri gyra goýuň-da, maskalara ähmiýet beriň. Dükanda satylýan ýa-da salon maskalaryny hepdede 1-2 gezek ulanyň.

Hünärmenler bu meselede suwuň temperaturasyna hem üns bermegi maslahat berýärler. Daşardaky temperatura näçe ýokary bolsa, saçyňyzy ýuwanyňyzda suwuň temperaturasyny hem şonça pese düşürmelidir. Otag temperaturasyndaky suw saç follikulalaryna gan aýlanyşyny gowulandyrýar we gury hem reňkli saçlaryň özboluşlylygyna täsir edýär.

Saçy iki günden bir gezek ýuwmak maslahat berilýär. Şeýle-de bolsa, saçy ýuwmagyň bu tertibi hemmeler üçin laýyk bolup bilmez. Şonuň üçinem, garyşyk häsiýetli saçlylar saçynyň özboluşly aýratynlyklaryna üns bermek bilen, saçlaryny hapalanyş wagtyna görä kadalaşdyryp ýuwmalydyr.

Saçyňyzy feniň salkyn režiminde guradyň

Eger wagtyňyz bar bolsa, saçyňyzy şeýle, hiç zat ulanmazdan guradyň. Bu saçyň gurluşyna zyýan ýetirmeýän iň amatly usuldyr. Wagtyňyz çäkli bolsa hem, artykmaç çyglylygy aýyrmak üçin süpürgiji ulanyň. Onuň bilen saçyňyzy süpürmäň-de, diňe süpürgije saçyň çygyny sorduryň. Saç guradyjyny salkyn režime düzmek hem örän netijeli usul. Ýylylyk saçlary guraksy we döwlüp duran edip biler.

Staýleri ulanmagy çäklendiriň. Her gün saçyňyzy egreltmeli ýa-da düzeltmeli däldir, esasanam, ol doly bulaşyk haldaka staýleri ulanmak nädogry bolar.

Saçyňyzy çygjardyň

Saçyňyzyň gyşda ýitiren saglygyny we gözelligini dikeltmek üçin, nemlendiriji balzamlary, spreýleri ýa-da şu hili beýleki serişdeleri ulanmalydyr. Bu serişdeler saçyň kökünden galan ähli ýerine ulanylýar.

Saçyň bölünen uçlaryndan dynyň

Zenanlaryň aglaba köpüsi saçlaryň bölünmek meselesi üçin wagt we pul sarp edýärler, ýöne gynansak-da, bu synanyşyklar doly başa barmaýar. Serişdeler we ýaglar diňe bölünen saçlary kadalaşdyrmak bilen, meseläni wagtlaýyn çözýär. Olary ulanmagy bes edeniňizden soň, saçyň uçlarynyň bölünmegi ýene-de gaýtadan başlanýar.

Bu müşgillikden gutulmagyň ýeke-täk usuly tejribeli stilist bilen habarlaşmakdyr. Saçyň uzynlygy 3-5 sm bolan ujundan dynmakdan gorkmaň: saçlaryňyzyň bölünmeýändigini, uçlarynyň nähili owadan we sagdyn bolýandygyny görüp haýran galarsyňyz.

Saçyňyzy içden iýmitlendiriň

Saçyň saglygy we gözelligi iýmitlenişimize gönüden-göni baglydyr. Bahar pasly witaminiň ýetmezçiligi, witaminleriň we mikroelementleriň ätiýaçlygy azalanda, olaryň ýagdaýyna aýratyn ýaramaz täsir edýär. 
Ýaz-tomus rasionyna geçmegiň wagty geldi! Ýagly we ajy iýmitlerden gaça duruň, täze miweleri, gök önümleri, gök otlary we hozlary saýlaň. Iýmitiňize has köp mukdarda balyk, sygyr eti ýa-da towuk bagyry, süýt önümleri we ýumurtga goşuň.

Saçlara haýsy witaminler zerur?

D, A, E witaminleri we B topar witaminler: saçyň ýaşaýyş güýjüni dikeltmäge, has güýçli we ýalpyldawuk etmäge kömek eder.

Sink, demir we kalsiý: saçlary güýçlendirýär, olaryň ösmegine itergi berýär we saçyň dökülmegine garşy göreşýär.

Daragy dogry saýlaň

Saçyňyz ýygy-ýygydan dökülip, döwülýärmi? Muňa diňe bir stres ýa-da nädogry ideg täsir etmäne, eýsem ... ýaramaz darak hem täsir edip bilýär!

Daragy saçyň görnüşine görä saýlaň:

Gür we uzyn saçlar: tebigy ýa-da häzirki zaman materiallaryndan ýasalan, aralary giň we uly dişli darak amatly bolar.
Orta uzynlykdaky saç: uniwersal massaž şýotgasy ýa-da braşing bolar.
Gysga saç: adaty darak ýa-da skelet şekilli darak.
Çökgün saçlar üçin giň dişli darak ulanyň.

Birnäçe ýönekeý düzgün:

  • saçyňyz çyg mahaly daramaň;
  • saçy ujundan darap başlaň;
  • tiz hereket bilen daramaň;
  • daragy kelläňizi massaž etmek üçin ulanyň.

Peýdalanylan çeşmeler: www.marieclaire.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar