Zenanlaryň geýim tekjesinde erkekleriň egin-eşikleriniň bolmagy bilen bagly tendensiýa indi täzeçillik däl. Moda hünärmenleriniň pikiriçe, häzirki wagtda dünýä ýüzi boýunça hasaba alnanda, zenan geýiminiň 70%-ini, ilki bilen, erkekler üçin niýetlenen zatlar düzýär. Şonuň üçin hünärmenler zenanlara egin-eşikleri satyn almak meselesinde erkekleriň geýim bölümine arkaýyn gitmegi maslahat berýärler.
Haýsy 8 geýimi gezekleşip geýip bolýar:
Erkek köýnegi — geýim tekjesiniň esasy zadyna öwrülip biljek köpugurly eşikdir. Klassiki göni köýnek dogry göwrüme we moda stiline eýe bolýar. Birneme düşen çyzygy onuň stiline zenanlara laýyk aýratynlygy we nepisligi goşýar, V-keşpli kesme bolsa boýynlygyna uzyn görkezýär we göwräniň ýokarky böleginde özboluşlylyk döredýär. Has ýumşak stil üçin bolsa goşaryňyzy açyp, ýeňleriňizi ýygnap bilersiňiz.
Köýnek ildirilen görnüşde silueti uzaldýar, daş keşbe kadalylyl hem-de çynlakaý häsiýetlilik berýär.
Surat: ru.pinterest.com
Erkek kardiganlarynda köplenç has dykyz örüm we ählumumy reňk palitrasy bolýar. Kardiganyň size laýyk gelmegini isleseňiz, has kiçi ölçeglerini saýlaň (erkekleriň S ölçegi). Şeýle-de bolsa, has erkin silueti halaýan bolsaňyz, onda başga ölçegleri hem saýlap bilersiňiz.
Erkekler bölüminde dürli stildäki geýimleri isleýänler üçin köýnekçeler bar: adaty ak, çap edilen şekilli, V-keşpli kesmeli. Dürli görnüşlerini geýip görmekden çekinmäň.
Erkek jalbaryny we jinsini satyn alanyňyzda dogry ölçegi we stili saýlamak möhümdir. Munda siz uzynlyga we aşagynyň ulalmaýandygyna üns beriň. Hünärmenler, epinleriň we ýygnalan bölekleriň sazlaşykly görünýändigine göz ýetirmek üçin kemer dakmagy maslahat berýärler.
Aýallar üçin erkekleriň jalbarynyň we jinsiniň iň laýyk geljek nusgalary:
- uzyn billi;
- göni;
- az-kem daraldylan;
- «boýfrendler».
Şapka saýlanyňyzda erkekleriň we ýetginjekleriň nusgalaryna üns beriň.
Sport aýakgaplary. Eger siziň aýakgabyňyzyň ölçegi 39 ýa-da ondan uly bolsa, erkekleriň nusgalaryna üns beriň.
Surat: ru.pinterest.com
Penjekmi ýa bleýzer gerek? Aýal-gyzlaryň kolleksiýalary bilen çäklenmäň. Erkekler bölümini hem gözden geçiriň. Erkekleriň penjekleri we bleýzerleri köplenç ýüň, kaşemir ýa-da twid ýaly ýokary hilli materiallardan tikilýär, sebäbi olar erkekler üçin gaty möhüm zat hasaplanýar.
Käwagt göwnejaý ölçegdäki giň switşoty ýa-da hudini tapmak kyn bolýar. Zenanlaryň stilleri köplenç bu babatda gaty dar geýim ýa-da gaty açyk görnüşde bolýar.
Erkekleriň köýnekleri we geýimleri, adatça, islenýän artykmaçlyga eýe bolup, minimalistik dizaýny olary has köptaraply edýär.
Elbetde, bular diňe erkekleriň geýim tekjesinden geýmäge alyp boljak zatlardan käbir mysallardyr. Egin-eşik saýlanyňyzda, stiliňizi we ýaşaýyş-durmuşyňyzy göz öňünde tutmak möhümdir. Esasy zat, geýip görüp, özboluşly stiliňizi döretmekden gorkmazlykdyr.
Peýdalanylan çeşmeler: www.marieclaire.ru
Also read: