Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Stil ýaşy saýlamaýar: 50 ýaşdan soň nädip stilli geýinmeli

0
34726

Hemmämize anyk zat-da, mysal üçin, ýaşy 50-den geçen adam ýaşyna görä geýinse dogry bolarmy diýen sowal bilen ýüzlenip pikir soraşma geçirilse, köpleriň muňa «Hawa, elbetde» diýip jogap berjegi ikuçsuz. Emma aslynda, modaly meselede düşünjämizi gözýetimiň giňligine uzatsak, stiliňem, modanyňam ýaş bilen asla dahylly zatlar däldigini göreris.

Ýaşuly nesliň wekilleri, öz gezeginde, döwrebap ýaşamaga ymtylmak bilen, «Ýaşyma görä geýinmedim!» diýen ýaly stereotipi «döwseler» bir tarapdan kemem bolmazdy. Birnäçe anyk mysallara ýüzleneliň.

Surat: ru.freepik.com

Göz öňüne getirip görüň, takmynan 10-15 ýyl mundan ozal krossowkalary geýmek diňe ýaşlara mahsus diýlip düşünilýärdi. Häzir seredip görýärsiň welin, ýaşuly adamlaryň garderobynda-da modadan daş düşmeýän birlän-ikilän krossowka bar. Bu meselede dizaýnerler her möwsümde rahat we açyk aýakgaplary, owersaýz ölçegdäki ajaýyp eşikleri, moda kostýumlarydyr jinsleri, özboluşly aksessuarlary we ş.m. hödürleýärler.

Döwür üýtgeýär, üns berip görýäň welin, häzirki zaman ýaşlaryň ýaşlyk döwri öňki nesilleriňkiden has uzak dowam edýär. Käbirleri karýerasyna ýa-da durmuş ýoluna 35 ýaşdan soň başlamagy hem giç görmeýär, ýene birleri bolsa 40 ýaşynda-da ilkinji gezek nikadan geçýär. Mysal üçin, Türkmenistanda ýaşlaryň ýaş aýratynlygynyň çägi kanunçylyk esasynda 35 ýaşa çenli diýlip kesgitlenildi.

Modada ýaş bilen bagly kesgitli talabyň ýa-da düzgüniň bolmaýandygyny tassyklaýan ýene-de bir delil — ýaşy uly adamlaryň modelýer bolmagyna isleg bildirilýändigi. «Versace-niň» 2017-nji ýylda geçiren görkezilişinde sahnany 90-njy ýyllaryň supermodelleri bezedi. Olardan Sindi Krowfordy (şol wagt 51 ýaşyndady), Naomi Kempbeli (47), Klaudia Şifferi (47) we beýlekileri mysal getirmek bolar. Indi 50 ýaşlylaryň moda sahnasyna çykmagyna adaty ýagdaý ýaly düşünilýär.

Surat: ru.pinterest.com (Karmen Dell'Orefiçe) 

Mundan başga-da, kosmetika, egin-eşik, şaý-sepleriň dünýä markalary reklama kampaniýalarynda ömrüniň «altyn» ýyllarynda meşhur bolan adamlary has köp çagyrdylar: «Loewe» surata düşürilişinde Entoni Hopkinsiň, «L'Oreal» üçin Andi MakDowelliň çykyş etmegi, 91 ýaşly Karmen Dell'Orefiçeniň «Vogue» žurnalynyň daşynda suratynyň ýerleşdirilmegi we başga-da köpsanly mysallar bar.

Egin-eşik saýlamakda nämelere üns bermeli?

Professional stilistler garderoby «owadan/owadan däl» we «laýyk/ýerliksiz» ýörelgesine laýyklykda döretmegi maslahat berýärler. Şonuň üçin egin-eşik satyn alanyňyzda döwrebap geýimlerden ýa-da moda kybap jalbarlardan aýlanyp geçmeli däl. Onsoňam, ýaşyňa görä diýlip kesgitlenen (içgysgynç reňkler, birmahalky fasonlar, balahonlar) tersine, eýesini ýaşy uly edip görkezýär.

Surat: ru.pinterest.com

Kimlerden öwrenip bolar?

Häzirki wagtda internet sahypalarynda köp sanly 50 ýaşdan uly bolan moda bloggerleri bar. Dünýäde on müňlerçe gelin-gyzlara ylham berýän bu ýaşuly zenanlar: Melani Kobaýaşi, Lin Sleýter, Sara-Jeýn Adams... Bu sanawa, ýaşyna garamazdan, özüne çekiji we döwrebap stile laýyk geýinýän meşhurlar hökmünde şu tanymal zenanlary hem goşmak bolar: Opra Winfri, Meril Strip, Sara Jessika Parker, Winsen Kassel we beýlekiler.

Surat: ru.pinterest.com

Öz beden göwrümiňize laýyk bolan meşhur adamlaryň sosial media ulgamyndaky sahypalaryna ýazylmak we olary yzygiderli yzarlamak peýdaly bolar. Şonuň bilen birlikde hem, bu size göwnüňize ýaran geýimleri geýip, häzirki zaman modanyň akymyna goşulmagyňyz üçin ýerlikli bolar.

Peýdalanylan çeşmeler: psychologies.ru; style.rbc.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar