Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2024-iň antitrendleri: nämeler modadan galdy

0
30029

Moda hemişe üýtgäp dur, geçen ýylda iň aktual bolan zat hem täze ýyla geçileninden soň, antitrende öwrülip bilýär. «Peopletalk» neşiri 2024-nji ýylda modadan galjak 7 sany geýimiň adyny mälim etdi. 

Maksi jins ýubkalary geçen ýylda garderoblary bezän iň meşhur geýimleriň hatarynda boldy. Ony hemmeler diýen ýaly, moda ymtylýan blogerlerden başlap tanymal adamlara çenli geýdiler. Birdenkä, 2023-nji ýylyň ahyrlarynda uzyn denim ýubkalar edil güýz pasyl ýaly moda bilen hoşlaşdy.

Häzirki wagtda midileriň uzynlygy has ýörgünli hasaplanýar.

Hünärmenler midi we maksi uzynlykdaky uggileri şäher çetine dynç almaga gidilende geýmegi maslahat berýärler. Bu ýyl platformaly gysgaldylan modeller trendde. Gyzyl aksent tikinli ugg aýakgaplary hem meşhur. Şeýle-de gyzyl setirli äheňdäki uggiler meşhurdyr.

Köpsanly jübüli kargo jalbarlary meşhurlygyň çygrynda bolupdy. Emma 2024-nji ýylda olar eýýäm köne moda hasap ediler.

Kargonyň ornuna bolsa häzirki wagtda karpenterler (işçi jalbarlary) modada. Şeýle-de bu ýylda dilik-dilik halta çalymdaş  jinsler meşhur bolýar.

Açyk gülgüne geýimler. Barbi gurjagynyň stilinden ruhlanyp modada ýer alan gülgüne reňk ýaňy 2023-nji ýylyň tomsunyň ahyrlaryna öňe saýlanypdy. Moda brendleriň soňky kolleksiýalaryna üns berseňiz, gülgüne reňkiň äheňi 2022-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende 30% gysgaldy.

Indi bolsa gülgüne reňkiň ornuny moda dünýäsinde mämişi hem gyzyl reňkler eýeledi.

Logomaniýa geçmiş bolup galýar. «Tagwalk-yň» getirýän statistik maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň güýz-gyş kolleksiýalarynda logotipli geýimleriň sany geçen ýylyň degişli möwsümi bilen deňeşdirilende 54% azalypdyr. Bu günki günde bolsa intellektual minimalizm stilini giňden ýaýbaňlandyrýan brendlere isleg artýar.

Eger siz trende çykmak isleýän bolsaňyz, logotipli geýimleri ýatdan çykaryň. Munuň ýerine sada, ýöne ýokary hilli köýnekleri saýlasaňyz ýerlikli bolar.

Neon reňkler. «Balenciaga» brendiniň döredijilik direktory Demna Gwasaliýa neony täzeden moda getirmäge synanyşdy, ýöne onuň tagallalary başa barmady. Kislota reňkleri henizem 2010-njy ýyllaryň estetiki äheňinde bilen baglanyşykly bolup galýar. Açyk reňkler bilen daş keşp döretmek isleseňiz, gyzyl, mämişi ýa-da sary reňklere üns beriň.

«Bratz» gurjaklarynyň stilindäki platforma aýakgaplar 2022-nji ýylyň moda trendleriniň biri bolupdy. Olary Nikola Pelts, Jiji Hadid hem-de Enn Heteweý ýaly meşhurlyklar geýdiler. Muňa garamazdan, eýýäm 2023-nji ýylda bu modadan galdy.

Has kadaly dizaýnly platforma aýakgaplaryny ýa-da gaýyjak göwrümli aýakgaplary saýlap alyň.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar