Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Zeýtun bilen maslinanyň näme tapawudy bar?

0
30935

Zeýtun... Maslina... Aslynda, bularyň şol bir önümlerdigini bilýän bolsaňyz gerek? Botanika ylmynyň nukdaýnazaryndan, zeýtun agajynyň miweleriniň arasynda hiç hili tapawut ýokdur.

Bu aratapawut rus dilinde döredildi: has takygy, zeýtun agajynyň ýaşyl miweleri «zeýtun», garalary «maslina» diýlip aňladyldy. Ortaýer deňzinde zeýtun agajynyň ähli miwelerine zeýtun diýilýär. Gara bolsa, gara zeýtun (Black olives), ýaşyl bolsa-da ýaşyl zeýtun (Green olives).

Reňkleri barada maglumat: näme üçin gara zeýtun maslina we ýaşyl zeýtun — zeýtun?

Zeýtunyň reňki olaryň bişişine baglydyr. Miwe näçe gara bolsa, şonça-da bişýär. Ýagny güýzüň başynda (sentýabr-oktýabr aýlarynda) ýygnalan miweler ýaşyl bolýar. Gara zeýtun bolsa has soňrak, noýabr ýa-da dekabr aýlarynda ýygnalýar.

Şeýle-de bolsa, zeýtun diňe ýaşyl we gara reňkde bolýandyr diýip pikir etmäň. Aslynda, olaryň reňkleri örän köpdürlidir. Bişmedik zeýtunlar reňkini kem-kemden sary reňkden başlap ýaşyl reňkde, bişen mahaly gyrmyzy reňkden gara reňke üýtgedýär.

Bişmeginiň her bir tapgyrynda olar özbaşdak tagama eýe bolýar. Ýaşyl zeýtunlaryň has açyk, has ajy we has ýiti tagamy bolýar, gara zeýtunlar bolsa aýlaw şekili bilen tapawutlanyp, ýumşak tagama eýedirler.

Ünsli boluň! Konserwirlenen gara zeýtunlaryň hemmesi öz reňkini tebigy ýagdaýda almaýarlar. Maslinalar — köplenç emeli reňkde bolan ýaşyl zeýtunlardyr. Reňklemek prosesi natriý ergininiň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Bu zeýtunlaryň gaplanyşynda E524, E579 belliklerini hem-de «oxidized olives» diýen ýazgyny görmek bolýar.

Näme üçin zeýtun çigligine iýilmeýär?

Zeýtun diňe duzlanan ýa-da konserwirlenen ýagdaýda iýilýär. Munuň sebäbi bu miweleriň düzümindäki oleuropein maddasy bilen bagly.

Oleuropeiniň ajy tagamy bolup, ol hatda bogaz spazmlaryna sebäp bolup biler. Duzlamak we konserwasiýa oleuropeini zyýansyzlandyrýar, zeýtunlary tagamly we saglyk üçin howpsuz edýär.

Dünýäde zeýtunyň onlarça görnüşi bolup, olaryň hersiniň özboluşly tagamy we ysy bardyr. Dürli görnüşli zeýtunyň atlandyrylyşy, adatça, onuň ösüp ýetişýän sebiti bilen bagly.

Zeýtun önümçiliginde öňdebaryjy ýurtlaryň hatarynda Ispaniýa, Italiýa, Fransiýa, Türkiýe, Tunis we Gresiýa durýar.

Zeýtunyň köpdürlüligi. Hünärmenler zeýtunlaryň görnüşlerini gaýtadan işlemegiň usuly boýunça tapawutlandyrýarlar:

• Whole (şänikli);
• Pitted (şäniksiz);
• Cracked (ezilen) we sliced (dogralan);
• Stuffed (farşirlenen)

Zeýtunlar diňe bir tagam aýratynlyklary bilen däl, eýsem bir kilogramdaky miweleriň sanyna görä hasaplanylyşy bilenem tapawutlanýar.

Iň uly «Atlas» kalibri — bir kilogramdaky möçberi 70 — 90 sany.

Iň pes kalibrli «Bullets B» — bir kilogramdaky möçberi 380 — 410 sany.

Haýsy biri has peýdaly? Zeýtunmy ýa-da Maslina?

Bu önümleriň ikisi hem örän peýdaly. Zeýtunyň düzümindäki tebigy antioksidantlar garramagy haýalladýar we erkin radikallaryň täsirine garşy durmaga kömek edip, onkologiýa keseliniň döremek howpuny azaldýar.

Bu miweleriň düzüminde ýürek-damar ulgamyny güýçlendirýän Omega-3 we Omega-6 ýag kislotalary bar. Ortaça kaloriýa mukdary (100 gramyna 115 kkal) olary nahar üçin örän göwnejaý iýmite öwürýär.

Mundan başga-da, zeýtunlar aşgazan-içege ulgamyny kadalaşdyrýan süýüme, şeýle hem E we C witaminlerine baýdyr. Zeýtunlaryň düzüminde kalsiý, mis, demir, marganes, sink we magniý bar.

Olar «erbet» holesteriniň derejesini peseldýär, immuniteti ýokarlandyrýarlar, gan basyşyny kadalaşdyrýarlar hem-de çişmä garşy häsiýetlere eýedir.

Zeýtun ýagyny nämeden taýýarlaýarlar?

Ýag öndürmek üçin gowy ýetişen, gara reňkli zeýtun görnüşleri ulanylýar.

Konserwirleme üçin ýaşyl zeýtunlaryň dürli görnüşleri ulanylýar. Şeýle hem birleşdirilen görnüşler bardyr. Şeýle miweleri konserwirleme üçin hem, ýag öndürmek üçinem ulanyp bolýar.

Peýdalanylan çeşme: bonduelle.ru 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar