Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Süýt: peýdasy we zyýany. Süýt barada berilýän 8 sowalyň jogaby

1
20784

Çagalykdan süýdüň saglyga diýseň peýdaly içgidigini bilip gelýäris. Onda süňkleriň we dişleriň berkemegi üçin zerur bolan kalsiý bar. Ýöne ulaldygymyzça süýdüň zyýanly taraplary barada hem käte-käte gulagymyza ilýär. Käbir adamlar semizlige, deriniň garramagyna we çişmegine sebäp bolýandygyny, 65 ýaşdan soň ony içmegiň maslahat berilmeýändigini aýdýarlar.

Fontanka.ru internet neşiri bu makalada lukmanlaryň süýt barada berilýän 8 sany meşhur sowala berýän jogaplaryny toplapdyr.

Süýdüň nähili peýdasy bar?

Süýt ýokumly maddalaryň gorudyr. Onuň düzüminde antibakterial häsiýetlere eýe bolan süýt kislotasy we içegäniň saglygyny goldaýan laktoza bar. Süýtdäki kalsiý süňkleri, dişleri güýçlendirýär. Şeýle-de bolsa, gözlegler süýt içmegiň 34 ýaşdan 59 ýaş aralygyndaky zenan maşgalalarda süňkleriň döwülmek howpuny azaltmaýandygyny görkezýär.

Süýtde myşsa dokumasynyň emele gelmegine gatnaşýan beloklar bar. Süýdi fiziki maşklar bilen bilelikde içmek myşsanyň massasynyň we işiniň ýitmegi bilen häsiýetlendirilýän ýaş bilen baglanyşykly sarkopeniýanyň döremegini gijikdirip biler.

Mundan başga-da, süýt Alsgeýmer we Parkinson ýaly beýni bilen baglanyşykly käbir keselleriň döremeginiň öňüni alyp biljek okisleýji stresleri peseldýär. Süýt bagyr üçin hem peýdaly, sebäbi ol bagryň zyýanly maddalardan arassalanmagyna kömek edýär, aşgazan-içege ulgamynyň ýagdaýyna peýdaly täsir edýär we kislotalylygy azaltmak arkaly gastrit we aşgazan ýaralaryna garşy göreşip bilýär.

Süýdüň düzümindäki witaminler we minerallar immuniteti ýokarlandyrýar, gan basyşyny kadalaşdyrýar, gan damarlarynyň diwarlaryna peýdaly täsir edýär. Süýt şeýle hem rahit we beýleki keselleriň döremek howpuny peseltmäge kömek edýär.

Laktozasyz süýt adaty süýtden peýdalymy?

Laktoza ilkinji gezek 1619-njy ýylda italýan alymy Fabrizio Bartoletti tarapyndan açyldy. 1780-nji ýylda şwesiýaly himik Karl Wilgelm Şeýele laktozany süýt şekeri diýip kesgitledi.

Lukmanlar laktozaly süýdüň hem, adaty süýdüň hem saglyga peýdalydygyny aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, laktoza çydamsyzlygy bolan adamlarda yzygiderli süýt içmek aşgazan-içege müşgilliklerine sebäp bolup biler. Bu ýagdaýda olar üçin laktozsyz süýdi saýlamak has gowudyr.

Laktozasyz süýt süýt allergiýasy bolan adamlar üçin howply däl. Bu ýagdaýda beden laktozsyz süýtde bar bolan süýtli beloklara we kazeine täsir edýär.

Pasterizirlenen süýt tebigy süýtden gowumy?

Pasterizasiýa zyýanly bakteriýalary öldürmek üçin süýdüň belli bir temperaturada gyzdyrylmagydyr. Pasterizasiýany goldaýanlar munuň süýdüň sarp edilmegi üçin howpsuzdygyny we tagamyny, ysyny goraýandygyny tekrarlaýarlar ynanýarlar. Pasterizasiýa garşy çykýanlar, süýdüň düzümindäki peýdaly bakteriýalary, witaminleri, minerallary we fermentleri hem ýok edýändigini öňe sürýärler.

Bir tarapdan, çig süýt içmekde bakterial ýokuşma howpy dogrudanam pesdir. Şeýle-de bolsa, şeýle ýokuşma ýüze çyksa, örän kynçylygy döredip biler.

Süýt immuniteti güýçlendirýärmi?

Süýt beloklary öýjükleri, şol sanda immun öýjüklerini döretmäge gatnaşýar. Süýtdäki polidoýgun bolmadyk ýag kislotalary nerw ulgamy üçin möhümdir. Süýtdäki kalsiý bilen fosforyň sazlaşykly utgaşmagy süňkleri we dişleri berkitmäge kömek edýär. Laktoza ýa-da süýt şekeri içege mikroflorasy üçin iýmitdir.

Ýyly süýt uklamaga kömek edýärmi?

Uky üçin beden uky gormony bolan melatonini öndürmek zerurdyr. Melatonin serotoninden öndürilýär, bu bolsa öz gezeginde aminokislotaly triptofandan sintez edilýär. Süýt triptofanyň iň oňat çeşmelerinden biridir.

Ululara süýt içmek bolmaýarmy?

Uly adamlaryň köpüsinde arassa süýdüň gaýtadan işlenilmegi üçin fermentatiw işjeňlik peselýär. Şonuň üçin laktoza çydamsyzlygy bolan adamlar üçin süýt içmek, esasanam, täze süýt içmek içgeçmä we içiň ýellenmesine getirip biler. Bu bolsa olaryň bedeniniň süýt şekerini, laktozany siňdirip bilmeýändigi bilen baglanyşyklydyr. Ösümlik esasly süýtlerde laktoza bolmaýar we şonuň üçin-de olar bu hili müşgilliklere getirmeýär.

Süýdüň zyýany nämede?

Süýt — ýokumly maddalaryň gymmatly çeşmesi, ýöne ony aşa köp içmek ýürek-damar keseliniň, 1-nji görnüşli süýji keseliniň, osteoporozyň, sklerozyň we beýleki keselleriň töwekgelçiligini ýokarlandyryp biler.

Erkeklerde süýt prostat mäziniň, aýallarda bolsa ýumurtgalyk we döş mäziniň döremek howpuny ýokarlandyryp biler. Süýt köp mukdarda holesteriniň derejesini ýokarlandyryp, çişi döredip, iýmit siňdiriş ulgamyny bozup biler.

Her gün bir litr süýt içseňiz näme bolar?

Lukmanyň sözlerine görä, bir litr süýtde möhüm iýmitlerden başga-da 25 gram ýag bar, şonuň üçin günde bir litr süýt içmek köp bolýar.

Çagalara sagdyn ösmegi we kalsiý kabul etmegi üçin günde azyndan 300 ml süýt içmek maslahat berilýär. Adaty laktoza çydamlylygy bolan ulular bir günde 300-400 ml çenli mukdarda süýdi arkaýyn içip bilerler. Süýdüň aşa köp içilmegi içegäniň çişmegine, ýürek bulanmagyna we içiň ýellenmegine sebäp bolup biler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar