Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gün reňkli bakja önümleriniň we miweleriň saglyga peýdasy

0
42230

Tomus paslynyň edil ortalarynda, Gün nurunyň hakykatdanam bu pasly alamatlandyrýan günlerinde «Turkmenportal» web saýty okyjylaryň dykgatyna aýdyň we göze yssy görünýän reňkleriň biri bolan sary reňkli — Gün öwüşginli miweleriň we gök önümleriň sanawynydyr olaryň peýdaly aýratynlyklaryny ýetirýär.

Gözüňe ýaramly, açyk reňkli miweleriň tagamy, täsiri hem edil reňki ýalymyka?! Geliň seredip geçeliň.

Mekgejöwen. Gaýnadylan mekgejöweniň peýdasy barada meksikalylardan başga has giňden bilýän ýok bolsa gerek. Galyberse-de, Meksika 11 müň ýyldan gowrak wagt mundan ozal ösdürilip ýetişdirilen mekgejöweniň taryhy watany hökmünde ykrar edildi. Bu ýerde dänesinden, baldagyndan, ýapragyndan we mekgejöweniň stigmalaryndan 150-den gowrak tagam taýýarlanýar.

Peýdaly witaminleriň, mikro we makro elementleriň 84%-i ýylylyk gaýtadan işlemesinden soň hem dänede galýar.

Düzümi: B, D, H, PP, A, C, E witaminler topary, demir, kalsiý, magniý, kaliý, sink, fosfor, iýmit süýümi, holin, fol turşusy we beýleki peýdaly maddalar.

Mekgejöwen — köp mukdardaky däneliler maşgalasyndan bolan, düzüminde altyny saklaýan ýeke-täk ekin.

Mekgejöweniň kaloriýalylygy — 338,4 kkal. Iýmitlik gymmaty: beloklar — 10,3 g, ýaglar — 4,9 g, uglewodlar — 67,5 gr.

Surat: ru.freepik.com

Adam bedeni üçin witaminlere, minerallara we ýokumly maddalara baý bolan gawun, ýokary kaloriýaly we zyýanly süýjüleriň ajaýyp ornuny tutup biler.

Düzümi: C, P, A, B9 (fol turşusy) witaminleri. Gawunyň süýümi kletçatkalara, magniýe, kaliýe, demire, kremniýe, şeýle hem fermente (superoksid dismutaza) baýdyr. Bularyň soňkusy bedene oksidleýji stres bilen göreşmäge, çişmegi azaltmaga we garramagy haýallatmaga mümkinçilik berýän güýçli antioksidantdyr.

Gawun ganazlykda, aterosklerozda, ýürek-damar keselleri üçin peýdalydyr we böwrek daşlary üçin täsirlidir.

Ýeri gelende gawuny ajöze iýmeli däldigini, beýleki önümler bilen garyp, suw ýa-da fermentlenen süýt önümleri bilen goşmaly däldigini bellemeli. Bularyň ählisi içegäniň işiniň näsazlaşmagyna sebäp bolup biler.

Gawun naharlaryň aralygynda iýilýän iň peýdaly önümleriň biridir.

Gawunyň kaloriýalylygy — 35 kkal. Iýmitlik gymmaty: beloklar — 0,6 g, ýaglar — 0,3 g, uglewodlar — 7,4 gr.

Banan. Ösümligiň beýikligi 10 metre ýetýänligi üçin, banany käte agaç diýibem atlandyrýarlar. Aslynda, bu köp ýyllyk ösümlikdir we botanika ylmynyň nukdaýnazaryndan ol frukt däl-de, tokaý miwesidir.

Bananyň her baldagy diňe bir gezek miwe berýär, şondan soň ösmeýär we ýerine täze ösümlik ýetişýär. Bir uly hoşadaky bananyň sany üç ýüz bölege ýetýär, agramy bolsa ortaça 35 kilogram bolýar.

Düzümi: C, B1, B2, B6, PP witaminleri, karotin, süýüm, pektinler, organiki kislotalar, şeker, krahmal, mineral serişdeleri (kaliý, natriý, magniý, fosfor, kükürt, kalsiý, demir, marganes, mis).

Banan — bedende şatlyk gormony bolan serotonine öwrülen aminokislotaly triptofany düzüminde saklaýar. Süýüm bilen birleşdirilen tebigy şeker banany energiýa beriji önüme öwürýär.

Köp ýurtda banan çörek, et, kartoşka we beýleki önümleriň ornuny tutýar. Bişen miweler desert hökmünde, bişmedik miweler gök önüm hökmünde ulanylýar. Aziýanyň köp ýurtlarynda stoly banan ýapraklaryny ýazyp guraýarlar.

Banan kaloriýasy — 96 kkal. Iýmitlik gymmaty: beloklar — 1,5 g, ýaglar —0,5 g, uglewodlar — 21 gr.

Surat: ru.freepik.com

Limon. Sitrusyň ysynyň keýpiňi ýokarlandyrýandygy ylmy taýdan subut edilendir.

Nahar bişirilende limon miwesiniň ähli bölekleri ulanylýar: löti, şiresi we gabygy. Mysal üçin, Marokkoda ownuk limonlar duz ergininde birnäçe hepde ýakymly ysly zatlar bilen marinadlanýar, soňra çorbalarda, salatlarda we etli naharlarda ulanylýar. Limony ýygnamagyň bu usuly, ýokumly aýratynlyklarynyň saklanmagyna mümkinçilik berýär.

Düzümi: uglewodlar, beloklar, az mukdarda ýag (efir ýaglary). Limonda C witaminiň köp mukdarda bolmagy bilen birlikde, B witamini, kalsiý, demir, sink, kaliý, fosfor, şeýle hem köp mukdarda organiki kislotalar: limon kislotasy, askorbin we alma kislotasy bar.

Limonyň kaloriýasy — 34 kkal. Iýmitlik gymmaty: beloklar — 0,9 g, ýaglar — 0,1 g, uglewodlar — 3 gr.

Ananas. Tropiki miweleriň «şasynyň» şireli miwesinde ösümlik fermenti — bromelaýn bar, bu bolsa öz gezeginde beloklary döwýär. Şonuň üçin dykyz we agyr nahardan soň, bir bölek ananas iýmek maslahat berilýär. Şeýle hem, bromelaýn damarlardaky trombozlary ýok edýär, antibiotikleriň täsirini güýçlendirýär we peşew ýollarynyň ýokançlyklaryna garşy göreşmäge kömek edýär.

Düzümi: A, B1, B2, B3, B6, B9, C, E, PP, kalsiý, magniý, natriý, kaliý, fosfor, demir, mis witaminleri.

Ananasyň kaloriýa mukdary kämillik derejesine baglylykda, 48-den 52 kkal aralygyndadyr. Iýmitlik gymmaty: beloklar — 0,3 g, ýaglar — 0,1 g, uglewodlar — 11,8 gr.

Surat: ru.freepik.com

Umuman, sary reňkdäki miweleriň we gök önümleriň hemmesinde bioflawonoidler, karotinoidler, antioksidantlar, iýmit süýümi we C witamini bardyr. Gün reňkli iýmitler süňkler, dişler we deri üçin peýdalydyr. Mundan başga-da, bu önümler bedene şikeslerden gutulmaga, toksinleri zyýansyzlandyrmaga, ganyň düzümini gowulaşdyrmaga we başga-da köp zatlara kömek edýär.

Üns beriň! Bu makala diňe maglumat bermek we tanyş etmek maksatlydyr. Hatda peýdaly önümlerem ýaramaz maksatlar üçin peýdalanylmaly däldir we doly hukukly bejerginiň ornuna ulanmaga synanyşmak ýalňyşdyr.

Peýdalanylan çeşmeler: hi-chef.ru; elementaree.ru; pospeliha.ru; www.sport-express.ru; venus-clinic.com.ua

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar