Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Deriňize zyýan ýetmezligi üçin nämeleri iýmekden saklanmaly

0
57333

Nahara bolan söýgüden çynlakaý söýgi bolmaz.
Jorj Bernard Şow

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde dogry iýmitlenmegiň ýörelgeleri baradaky makalalar yzygiderli ýazylýar. Olara eýermegi ýa-da eýermezligi adamyň özi kesgitleýär, ýöne organizm adama iýýän zatlarynyň hataryna nämeleri goşmalydygy barada yşarat berip durýar. Ýalňyş iýmitlenmegiň alamatlaryny köplenç halatda deride ýüze çykýan müşgillikler görkezýär: mysal üçin, guraklyk, sowuklama, gara nokatlaryň, düwürtikleriň döremegi we beýlekiler.

Haýsy önümleri ýalňyş usulda iýmek deriniň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna täsirini ýetirýär?

Büzmeçeler, şöhlatlar, sardelka büzmeçeleri. Gaýtadan işlenen et önümleriniň, ýa bolmasa şöhlat önümleriniň ähli görnüşleri bedende ýygyrtlaryň hem-de gara nokatdyr düwürtikleriň döremegine getirýär. Şöhlatlaryň düzüminde köp mukdarda aromatizatorlar, konserwantlar we duzlar bar. Duz deride guraklygy döredip, tebigy kollageniň bölünip çykmagyna bökdençlik döredýär.

Has arzan bahaly gaýtadan işlenen et önümlerinde tebigy ýaglaryň ornuny palma ýaglary bilen çalyşýarlar. Onuň önümiň düzüminde bolmagy bolsa, ýagyň has köp mukdarda kabul edilmegi, wagtyň geçmegi bilenem dowamly keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Dietologlar şöhlat önümlerini iýmegi gije-gündiziň dowamynda 50 grama çenli azaltmagy maslahat berýärler.

Goşundyly ýogurtlar. Aslynda, süýtturşy önümleri peýdaly zat, emma köplenç halatda hut ýogurt önümine ýaramlylyk möhletini uzaltmak maksady bilen aromatizatorlary, şekeri, reňk beriji serişdeleri we konserwantlary goşýarlar. Bular ýaly «has gowulandyrylan» önümem deride sowuklamanyň döremegine getirip bilýär.

Süýt. Geçirilen barlaglar ýetginjeklik ýaşlarynda çykýan düwürtik bilen süýt içmegiň arabaglanyşygyny görkezdi. Süýt insuliniň derejesini ýokarlandyrýar, bu bolsa öz gezeginde demiriň işjeňligini artdyrýar.

Ýeralma frisi we köp mukdarly ýagda taýýarlanan beýleki islendik önümler deri üçin zyýanlydyr. Gowrulýan mahaly ýag okislenýär we ondan organizme zyýanly serişdeler bölünip çykýar. Gowrulan önümleri köp iýmek deriniň ir garramagyna täsirini ýetirýändir.

Gazlandyrylan içgiler — bu demirleriň, fosfatlaryň işini güýçlendirýän köp mukdardaky şeker ammary diýen ýalydyr. Olar öz gezeginde deriniň kadalylygynyň ýitmegine sebäp bolýan kollagene, şeýle hem örän tizlik bilen ýaga öwrülýän ýönekeý uglewodlara (glýukoza, şeker we ş.m.) zeper ýetirýärler. Gazlandyrylan içgiler şeýle-de metabolizmiň depginini hem haýalladýar.

Kofein diňe bir kofede däl, eýsem, gök we gara çaýyň düzüminde hem bardyr. Kofein kortizolyň öndürilmegine itergi berýär, bu bolsa öz gezeginde çygsyzlyga we deriniň guramagyna sebäp bolýar. Eger siz kofedir çaýy litrläp içmeseňiz, onda bu içgiler derä howp salyp durmaz.

Alkogol. Alkogolly içgileri yzygiderli içmek deridäki çyglylyga täsir edýär, kapillýarlaryň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýar, gan damarlarynyň diwarlaryny ýykýar. Mundan başga-da, geçirilen barlaglar alkogolyň rozaseýanyň döremeginiň (ýüzüň gyzarmagy bilen häsiýetlendirilýän kesel) töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyny görkezdi.

Gazlandyrylan suw ýa-da miwe şiresi bilen garylan alkogol gandaky şekeriň derejesini birbada ýokarlandyrýar.

Smuziniň we miwe freşleriniň köp içilmegi gözellige zyýan ýetirip biler. Derimiziň ýagdaýy içege mikroflorasyna baglydyr. Miwe we gök önümleri gaýtadan işlemegiň netijesinde olar adam organizmi üçin zerur bolan süýümi ýitirýärler.

Ondan beterem, bir bulgur smuziniň düzümine adamyň bir gezekde iýip biljek miwelerinden hem köp mukdardaky miweleriň maddalary goşulyp bilner. Netijede, bedene artykmaç mukdarda fruktoza düşýär, bu bolsa deriniň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär.

Iň gowsy, miweleri blender bilen üwäniňden, olary şeýle iýmek peýdalydyr.

Deňiz önümleri düzüminde köp mukdarda peýdaly maddalary we witaminleri jemleýänem bolsa, kähalatda bu haýsydyr bir müşgillikleri döredýär. Krewetkalar, midiýalar we beýleki mollýuskalar ýoda baý bolup, ol bedende gözenekleri ýapýar. Şeýle-de deňiz önümleri iň bir güýçli allergenleriň hataryna girýär.

Deriňize zyýan ýetirmejek bolsaňyz, deňiz önümlerini hemişe kadaly möçberde iýiň we düzüminde Omega-3 ýag kislotlaryny jemleýän balyklara aýratyn ähmiýet beriň.

Peýdalanylan çeşmeler: life.ru; letidor.ru; news.myseldon.com; sport-express.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar