Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ter miwe şireleri baradaky meşhur 5 düşünjäniň netijesizdigini subut edýäris

0
33921
Ter miwe şireleri baradaky meşhur 5 düşünjäniň netijesizdigini subut edýäris
Surat: sport24.ru

Kinofilm sahnalarynda we reklama roliklerinde çykyş edýän gahrymanlaryň ter miwe şirelerini içip surata düşmegi bu önümleriň köpçülikleýin peýdaly hasap edilip gitmegine täsir etdi. Emma bu doly manysynda beýle-de däldir. Şonuň üçinem miwe şireleri baradaky bäş sany meşhur rowaýaty düşünjelere seredip geçeliň.

Birinji düşünje — her güne ter miwe şiresini içmek bilen başlamak

Фото:zdorovieinfo.ru

Dietologlar we gastroenterologlar her gün ir säher bilen diňe ýeralma, käşir hem-de kelem şiresini içmegiň peýdalydygyny belleýärler. Miwelerden we sitrusdan sykylyp alnan şireler aşgazana zyýanly täsir edip bilýän kislotalary düzüminde jemleýär. Olary ajöze däl-de, diňe nahardan soň içmek dogrudyr.

Ikinji düşünje — bir bulgur miwe şiresini içmek bir kilogram miwe iýeniň bilen deňdir

Dogry, bir kilogram alma iýeniňden bulgur miwe şiresini içmek örän az wagtyňy alýar. Onsoňam, şiräniň düzümindäki ýokumly maddalary organizm tiz özleşdirip bilýär.

Emma miwe sykyjy enjamdan geçirilenden soň, onuň gabygynda, düzüminde we şäniklerinde bolýan kletçatkalardan nam-nyşan galmaýar. Kletçatka bolsa adam organizmine oňyn täsirini ýetirýär, içegäniň işini kadalaşdyrýar, holesteriniň derejesine gözegçilik edýär we ş.m.

Şonuň üçin dolulygyna miwe şirelerine “oturmak” ýalňyşdyr. Bu babatda gündelik rasionda hem miweler, hem gök önümler bolsa ýakymlydyr.

Фото:eco-recept.ru

Üçünji düşünje — ter miwe şireleri horlanmak üçin peýdaly

Ýokumly witaminlerden we minerallardan başga-da şireleriň düzüminde miwe şekeri bolýar. Şuny nazarda tutup, şireleri agşam içmek bolmaýar, gowsy olary naharlaryň arasynda içmekdir. Kaloriýalylygy babatda bolsa, gök önümleriň şiresi miwelere garanyňda howpsuzdyr.

Dördünji düşünje — miwe şiresi teşneligiňi gandyrýar

Suw teşnelikden halas edýär. Düzüminde witaminleri, iýmitlendiriji serişdeleri, şekeri we kaloriýalary jemleýän miwe şiresini bolsa adam organizmi nahar hökmünde kabul edýär.

Bäşinji düşünje — tebigy miwe şiresini sowadyjyda uzak wagtlap saklap bolýar

Miwe şiresini edil sykylyp alnan badyna içmelidir. Munuň sebäbi bolsa, şiräniň durmagy hem-de oňa howanyň, ýagtylygyň we uzak möhletiň täsir etmegi netijesinde ýokumly elementleriň bozulýanlygy bilen baglydyr.

Фото:hurom.kz

Ter taýýarlanan miwe şirelerini içmek dogrusynda birnäçe maslahatlar:

  1. Diňe möwsümleýin miwelerden we gök önümlerden has ýokumly şireleri taýýarlap bolar;
  2. Miweler we gök önümler şire taýýarlanmazyndan öň, gowy ýuwlan bolmalydyr. Olarda hiç hili ownuk-uşak hapa bolmaly däldir;
  3. Käşir şiresini taýýarlasaňyz, oňa birnäçe damja ýag ýa-da gaýmak goşuň. Çünki ösümlik we haýwanyň ýagy A witaminiň gowy kabul edilmegine ýardam edýär;
  4. Diş örtügini kislotanyň täsirinden gorap saklamak üçin sitrus, nar ýa-da tokaý miweleriniň şirelerini turbajykly içmegi ýatdan çykarmaly däldir.

Çeşmeler:medium.com; masterok.livejournal.com
 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar