Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kremleriň düzümindäki işjeň goşundylaryň täsiri nähili

0
19107

Dükanlaryň we dermanhanalaryň tekjelerinde dürli hili gutularda bejergi kremlerine gabat gelmek bolýar. Gözellik serişdelerini öndürýän önümçilik pudagy derini bejermek kosmetikasynyň düzüminde oňyn täsirli innowasiýa goşundylaryny ulanmagyny yzygiderli giňeldýär. Bu makalada kremleriň düzümindäki käbir maddalar, olaryň peýdaly ähmiýeti hem-de nähili maksatlar üçin ulanylýandygy barada söhbet ederis.

Retinolly krem

Retinol (A witamini) düwürtiklere oňyn täsirini ýetirýär, şeýle hem ol ýüzüň ýygyrtlanmagyna we deriniň liftingine täsirli serişdedir. Ýöne bu kremleri ulanmakda seresap bolmaly, sebäbi ony aşa köp ulanmak deriniň guramagyna we çişmegine getirip biler. Retinolly krem düwürtik yzlaryny azaltmaga, derileri tekizlemäge, deriniň gurluşyny has gowulaşdyrmaga kömek eder. Onuň düzüminde şu goşundylar bar: Retinyl palmitate, Retinyl acetate, Retinol.
    
Düzüminde gialuron turşusy bolan krem

Bu deriniň çeýeligini üpjün edýän möhüm goşundydyr. Gialuron kislotasy öýjükli giňişlikde suwy saklamaga kömek edýär, çyglylyk bolsa owadan hem-de sagdyn deriniň esasy çeşmesidir. Onuň düzüminde şu goşundylar bar: Hyaluronic acid, Sodium hyaluronic acid, Hydrolyzed hyaluronic acid, Sodium hyaluronate.

C witaminli krem

Köpler günüň aşagynda uzak wagtlap gezmegiň netijesinde emele gelýän pigmentler bilen, düwürtikler we kiçijik menekler bilen tanyş bolsa gerek. Olara garşy göreşmegiň iň oňat usuly C witamini bolan kremdir. Şeýle hili tegmilleriň öňüni almak üçin güneşli howada gezelenç edeniňizde SPF ýa-da C witamini bolan kremleri ulanyň. Onuň düzüminde şu goşundylar bar: Ascorbyl palmitate, Ascorbyl Glucoside, Magnesium Ascorbyl Phosphate, L-Ascorbic Acid, Rosa Canina Extract, Hippophae rhamnoides fruit extract.

Kollagenli krem

Kollagen bedeniň ähli dokumalarynda duş gelýän we olaryň berkligini hem-de çeýeligini üpjün edýän belokdyr. Takmynan, 25-30 ýaşda kollageniň mukdary azalýar we onuň tebigy işlenip çykmasy peselýär, deri öz çeýeligini ýitirýär we çişýär. Şonuň üçin kollagen köplenç garramagyň öňüni alýan kremlerde we garyndylarda bolýar. Onuň düzüminde şu goşundylar bar: Collagen, Hydrolyzed collagen.

Ulitka musinli krem

Bu täsin goşundyny koreý alymlary oýlap tapypdyrlar. Ulitkanyň musinine esaslanýan kremler, essensiýalar we garyndylar ýygyrt atyp başlan derä ideg etmekde ulanylýan kosmetika serişdeleriniň arasynda iň köp satylýanlarynyň biridir. Musiniň düzüminde antiseptikler, elastin, gialuronat, kollagen, hitozan, allantoin, şeýle hem C, E, A, B topar witaminleri bar.
    
Täsin fakt: Kosmetika serişdeleriniň düzüminde ýokumly goşundylar näçe köp bolsa, olar şonça-da täsirli bolýar diýlip düşünilýär. Bu aslynda dogry däl! Geçirilen gözlegler bir täsire garşy iki ýa-da üç sany işjeň maddanyň bir serişdäniň düzüminde bolmagynyň kosmetikany has täsirli etmeýändigini görkezdi!

Aşgabatda ýerleşýän «Şypaly Çomuç» dermanhanasynda gije we gündiz ulanylýan kremler, garyndylar, duýgur deri üçin gipoallergen önümler, dermatologik ýagdaýly deriler üçin ulanylýan kosmetika serişdeleri ýaly derimize ideg etmekde ulanylýan kosmetika önümleriniň köpdürli görnüşleri hödürlenilýär. Bulardan başga-da, dermanhanadan hammam we duş üçin zerur bolan önümleri, gün şöhlesinden goraýan serişdeleri we beýleki möhüm serişdeleri satyn alyp bilersiňiz.

«Şypaly Çomuç» dermanhanasynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Sona Myradowa köçesi, 21-nji jaý. «Lälezar» bazarynyň çäginde ýerleşýär.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar