Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dermanhanyň hünärmenleri dermanlaryň dogry ulanylyşy barada gürrüň berýärler

0
22881

Keselleriň ilkinji alamatlary ýüze çykanda biz derrew zerur bolan dermanlary alýarys we derman gutusynyň içindäki maglumat kagyzjygyny okaman bada-bat olary kabul etmek bilen bolýarys. Ilki bilen derman serişdeleriniň wajyp mesele bolup durýandygyna we saglygyňyzyň kepili üçin olary ulanmaga oýlanyşykly çemeleşmekligiň gerekligine düşünmek möhümdir.

“Şypaly Çomuç” dermanhananasynyň hünärmenleri, dogry derman kabul etmegiň käbir taraplary barada gürrüň berdiler.

Dermanlary näme bilen içmeli?

Iň gowy usullaryň biri, azyndan 100 ml mukdarda arassa gazlandyrylmadyk ýyly suwdyr. Dermanyň aşgazanda dogry we wagtynda eremegine hut ýyly suwuň kömek edýändigini bellemelidiris.

Sowuk suw iýmit bozulmalaryna, aşa gyzgyn suw bolsa gyzylödegiň ýanmagy ýaly zeperlere getirip biler.

Eýsem, beýleki suwuklyklar barada näme aýtsaň bolar? Eger ýanyňda suw bolmasa we şol pursat dermanlary içmek zerur bolsa näme etmeli?

  1. Steroid däl çişmä garşy dermanlary süýt bilen içip bolýar.
  2. Mineral suwy bilen derman içmeklik maslahat berilmeýär. Çünki onuň düzümindäki demir, kalsiý we beýleki maddalar derman serişdesiniň köp goşundylarynyň siňdirilmegini bökdeýär.
  3. Şireler. Bu ýokary kislotaly içgiler dürli gormonal we ýürek-damar dermanlaryň gana dogry barmagyna päsgel berýär.
  4. Çaý we kofe. Tanninler, kofein we çaýyň düzümindäki beýleki maddalar antispazmodikler, üsgülewüge garşy we oftalmiki serişdeler bilen eremeýän birleşmeleri emele getirmäge ukyplydyrlar.
  5. Spirtli içgiler. Alkogol bilen derman serişdeleriniň birleşmesi adam saglygyna ýaramaz täsirleri ýetirip biler. Bejerginiň alkogolly içgiler bilen bilelikde alnyp barylmagy adam saglygyna hiç-hili peýda bermeýär, munuň tersine zäherlenmek howpuny döredýär.

Iýmit bilen dermanlary nädip dogry içmeli?

Dermanlaryň 90% -i bedene iýmit siňdiriş ulgamynyň üsti bilen aralaşýar. Derman serişdeleriniň kabul edilýän iýmit bilen täsirleşýändigi sebäpli, açöde nahardan 1 sagat öň ýa-da 2 sagat soň  kabul edilmeli derman serişdeleriň görnüşleri hem bolýar.  Dermanlaryň nahar edinme wagtlaryň aralygynda kabul edilmegi bolsa, işjeň maddalaryň tiz siňmegini üpjün edýär.  

Şeýle-de nahardan soň derrew kabul edilmeli dermanlaryň başga bir kategoriýasy hem bardyr. Bulara aşgazanyň nemli bardasyny güýçli gyjyndyrýan çişmä garşy derman serişdeleri degişlidir.

Aşgazan-içege ulgamynyň keselleri üçin niýetlenen dermanlary kem-kemden kabul etmelidir. Şunuň bilen, sary gaýnama garşy dermanlary nahardan 20-30 minut öň ýa-da soň içmek maslahat berilýär. Iýmit siňdiriş fermentleri bolsa, edil prеbiotikler ýaly nahar bilen kabul edilmelidir.

Derman serişdelerini kabul etmezden ozal lukman bilen maslahatlaşmagyň we dermanlary ulanmak boýunça görkezmeleri üns bilen öwrenmegiň zerurdygyny   tejribe görkezýär. Bu gymmatly görkezmeler, derman serişdesi kabul edilende ýüze çykyp biljek dürli ýaramaz täsirlerden gaça durmaga kömek eder.

 “Şypaly Çomuç” dermanhanasynyň hünärmenleri müşderilerine ýokary derejeli hyzmat bilen bilelikde derman serişdelerini ulanmak babatda ugrukdyryjy maslahat kömegini hem berip bilerler. Dermanhanada dürli maksatly 5000-den gowrak derman serişdeleri bar. Bu sanawda kardiologiki, endokrinologiki, ginekologiki, wiruslara garşy, mikroblara garşy we beýleki dermanlar serişdeleri bar.

Şeýle hem dermanhanada näsaglara ideg etme serişdelerini, saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin ýokary takyklyga eýe enjamlary, bejeriş kosmetikasyny we başga-da köp zatlary satyn alyp bilersiňiz.

“Şypaly Çomuç” dermanhanasy hepdede 7 gün işleýär.  Dermanhana Aşgabat  şäheriniň Sona Myradowa köçesiniň 21-nji jaýy (Lälezar bazary) salgysynda ýerleşýär.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar