Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Probiotikler we prebiotikler: Olary nädip tapawutlandyrmaly?

0
9397

Dürli dermanlar ýa-da çaga iýmitleri baradaky mahabatlarda köplenç “prebiotikler” we “probiotikler” diýen ýaly sözlere gabat gelýäris. Adamlar olaryň nämedigi barada anyk bilmän, witaminler ýaly bir zatdyr öýdýärler, şol sebäpden hem diňe peýdaly bolanlygy üçin kabul etmeli diýip düşünýärler. Şeýle-de bolsa, islendik derman serişdeleri ýaly, prebiotikler we probiotikler diňe bir peýdaly däl-de, eýsem zyýan ýetirip biljek aýratynlyklary hem özünde jemleýär. Web saýtymyz üçin paýtagtyň dermanhanalarynyň biri bolan “Şypaly Çomuç” dermanhanasy olaryň nämedigini we täsirini ýörite düşündirýär.

Uly içegämizde milliardlarça bakteriýalar ýaşaýar (ownuk içegeden tapawutlylykda önelgesizdir). Bu bakteriýalaryň käbiri peýdaly, käbiri şertli patogen bolup durýar, ýagny sanlary belli bir kadadan geçmese, zyýany ýokdur, ýöne çalt ösmegi we peýdaly bakteriýalaryň ölmegi bilen şertli patogen mikroflora keselleriň döremeginiň sebäbi bolup bilýär. Bu ýagdaý ýüze çykanda adam disbakteriozyň alamatlaryny başdan geçirýär.

Bu özboluşly deňagramlylygy dikeltmek üçin prebiotikler bilen probiotikler bar.

Prebiotikleriň we probiotikleriň esasy wezipesi içegäniň mikroflorasyny gowulandyrmak we immunitet ulgamyny güýçlendirmekdir (bilşimiz ýaly, immun öýjükleriniň esasy bölegi içegelerde ýerleşýär).

Probiotik sagdyn içegede ýaşaýan we iýmiti gaýtadan işlemekde işjeň gatnaşýan janly bakteriýalary öz içine alýan serişdedir. Şeýlelikde, içege mikroflorasynyň kesel, zäherlenme, antibiotik bejergisi, himiýa bejergisiniň we radiasiýa bejergisiniň netijelerinde, ýagny disbakterioz ýüze çykan ýagdaýlarda probiotikler maslahat berilýär.

Probiotiklere şular degişlidir: bifidobakteriýalar, laktobakteriýalar, içege taýajyklary, propinobakteriýalar, süýt streptokoklary, enterokoklar.

Probiotikler içegä düşmek bilen, patogen bakteriýalary süýşürip we mikroflorany janlandyryp köpelýär. Käbir serişdeler probiotigiň diňe bir görnüşini, käbiri bolsa onuň birnäçe görnüşlerini özünde saklaýar.

Tebigy probiotikler käbir süýt önümlerinde — kefirde, ýogurtda bolýar. Probiotik serişdeleri käwagt toz görnüşinde bolýar, soňra ondan özbaşdak suspenziýa taýýarlanýar. Şeýle-de suwuk görnüşdäki serişdeler bolýar, olary şeýle ýa-da želatin kapsulalarynda kiçi çagalara bermek amatlydyr.

Probiotikleri mydama ulanmak peýdaly diýip bolmaz. Munuň ýaly dermanlary saglyk ýa-da dürli ýagdaýlar üçin kabul etmek ýalňyşdyr. Talabalaýyk görkezmelere esaslanmazdan probiotikleri kabul etmek peýda däl-de, zyýan berip biler. Olary gastroenterolog lukmany ýazyp bermeli.

Prebiotikler — bular eýýäm janly mikroorganizmler däl, olar peýdaly mikrofloranyň köpelmegi üçin içegelerde amatly şert döredýän organiki birleşmeler, peýdaly maddalar. Prebiotikler — bu örän peýdaly probiotik bakteriýalar üçin “iýmit gory”. Olar üýtgewsiz görnüşde aşgazandan we ownuk içegeden geçip, uly içegä girýärler. Prebiotiklere şular degişli: pektinler, kletçatka, inulin, laktuloza, oligofruktoza, sorbit, arginin, witaminler.

Edil probiotikler ýaly, lukman prebiotikleriň ulanylmagyny hem bellemelidir, sebäbi olaryň kadasyz kabul edilmegi içegäniň mikroflorasynyň ýagdaýyny diňe ýaramazlaşdyryp biler.

Şonuň ýaly-da, probiotikleri we prebiotikleri özünde saklaýan kombinirlenen önümleriň özboluşly topary hem bar, bulara sinbiotikler diýilýär.

“Şypaly Çomuç” dermanhanasynda içegäniň mikroflorasynyň dürli bozulmalary üçin probiotikler we prebiotikler giňden görkezilýär. Degişli dermanlyk serişdeleriniň köpdürli görnüşleri bilen tanşyp, olary dermanhananyň özünden, şeýle-de “Şypaly Çomuç” web saýtyndan satyn alyp bilersiňiz.

 

Şeýle-de okaň:

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar