Soňky habarlar

Arhiw

Derman serişdeleriniň görkezmelerini okamalymy ýa-da okamaly däl?

0
31505

Içmek isleýän dermanyňyzyň görkezmelerini okaýarsyňyzmy? Köp halatda syrkaw derman serişdesini alandan soňra gabyndan dessine dermany çykaryp içýär we görkezmesini okaman zibile atýar. Käbir adamlar bolsa derman serişdesiniň görkezmesi bilen jikme-jik tanyşýar. 

Olar ony okap dogry hereket edýärlermi ýa-da derman serişdesiniň görkezmesi peýdasyz sözleriň ýygyndysymy?

Düşündiriş kagyzjygyny dermany içmezden öň, has dogrusy bolsa derman serişdesini satyn almazdan öň okamak gerek! 

Özbaşdak bejergi etmek gündelik durmuşyň adaty bir bölegi bolup, bu ýagdaý hroniki keseller we allergiki reaksiýalar bilen lukmana giç ýüz tutulmagyna sebäp bolýar. Mundan başga-da, ýaýbaň we mahabatlandyrylan reseptsiz derman serişdeleriniň ulanylmagy dünýädäki farmakoterapiýanyň islenilmeýän täsirleriniň sanynyň köpelmegine getirýär. 

Lukmana ýüz tutmaklyk hem derman serişdesiniň görkezmesini okamaklygyň zerur däldigini aňlatmaýar. Sebäbi lukman derman serişdeleriniň düzümini jikme-jik bilmän, diňe syrkawyň sözlerine we syrkawdaky keseliň alamatlaryna esaslanyp bejergi belläp biler. Galyberse-de, islendik derman serişdesiniň zyýanly täsirleri hem bar we başga dermanlar bilen bilelikde içmek maslahat berilmeýär. Şol sebäpli hem, derman serişdesiniň görkezmesini okap-öwrenmäge aýratyn jogapkärçilik bilen çemeleşmeli. 

Adatça, derman serişdesiniň görkezmesi ownuk harplar bilen ýazylyp, olary okamak kyn bolýar. Görkezme kagyzjygyny aňsatlyk bilen okamak isleýän her bir adam üçin Şypaly çomuç websaýtynda islendik derman serişdesiniň görkezmesini onlaýn usulda okamak mümkin. Bu bolsa derman serişdesi barada maglumat almagyň iň aňsat we amatly usuly bolup durýar. 

Şypaly Çomuç hususy kärhanasy farmasewtiki kärhana bolup, onda 5000-den gowrak derman serişdeleri, lukmançylyk önümleri we näsaglara ideg etmekde ulanylýan önümler halka hödürlenilýär. Bu ýerde kardiologiýa, endokrinologiýa, gastroenterologiýa, ginekologiýa, mikroblara garşy göreşmek, wirusa garşy göreşmek we ş.m. ulgamlarda ulanylýan derman serişdeleriniň dürli görnüşlerini, şeýle-de adam saglygyna gözegçilik etmek üçin ulanylýan takyklygy ýokary derejede bolan lukmaçylyk enjamlaryny satyn almak mümkin. 

Derman serişdeleriniň we syrkawlara ideg etmek üçin enjamlarynyň lomaý we bölekleýin satuwynda kärhananyň ýurdumyzda öňde baryjy orny eýeleýändigini bellemek zerur. 

Bulardan başga-da, Şypaly çomuç dermanhanasy Aşgabat şäheri boýunça eltip bermek hyzmatynynyň mugtdygyny belläp, ähli derman serişdeleriniň we lukmaçylyk enjamlarynyň hiline we olaryň hakykydygyna kepillik berýär. 

Şeýle-de derman serişdelerini lalezar-apteka.com.tm websaýtynda hem sargyt edip bilersiňiz. Ähli serişdeler termo gutylarda, has takygy sowadyjy torbalarda eltilýär.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar