Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aýratyn üns merkezindäki zolak — ejäniň we çaganyň bölümi

0
40700

Bäbejigiň dünýä inen ilkinji günlerinden başlap, ol hakynda alada etmek her bir ejäniň borjudyr. Häzirki zaman dünýäsinde ejeler çaga hakynda aladany onuň dünýä inmegini meýilleşdiren ilkinji günlerinden edip başlaýarlar. Munuň üçin olar dürli görnüşli witamin toplumyny kabul edip, embrionyň dogry kemala gelmegine ýardam edýärler.

Bäbejigiň dünýä inmegi bilen, onuň tenine degýän islendik galtaşma aýratyn ünslüligi we mähirliligi talap edýär. Şol galtaşmalar esasynda ejäniň we çaganyň arasynda baglanyşyk ýola goýulýar. Şunuň bilen baglylykda, çaga ideg etmek üçin dogry arassaçylyk serişdelerini saýlamak bilen bagly sowallar köp duş gelýär.

«Şypaly çomuç» dermanhanasynda ejeler we çagalar üçin niýetlenilen serişdeler ýörite bölümde ýerleşdirilip, bu ýerdäki ähli harytlar uly üns bilen saýlanyp alynýar.

«Şypaly çomujyň» çagalar üçin niýetlenilen serişdelerine ýüzlerçe derman önümleri,  çaga çüýşejikleri, emzikler, täze doglan çaga üçin    harytlar, arassaçylyk we ideg serişdeleri, 2-3 ýaşdaky çaganyň iýmit önümleri we beýlekiler degişlidir.

Harytlaryň arasynda göwreliler üçin niýetlenilen önümler aýratyn ünsi özüne çekýär. Dermanhanada dünýäniň meşhur derman serişdelerini öndüriji kärhanalary tarapyndan göwreli we çaga emdirýän zenanlar üçin niýetlenilip öndürilen dermanlaryň hem-de witaminleriň dürli görnüşleri duş gelýär. Meselem, süýt inmesini güýçlendiriji, süýt sagyjy, ejäniň we çaganyň derisine ideg etmek üçin dürli kosmetika serişdeleri, deri bilen bagly keselleri bejeriji kosmetika önümleri we beýlekiler.

Şeýle hem müşderilere çagalar üçin niýetlenilen önümleri — arlyklardan başlap, çaga ideg etmekde ulanylýan has kiçijek harytlary satyn almakda we olary dogry ulanmakda «Şypaly çomuç» dermanhanasynyň hünärmenleri ýokary derejeli maslahatlaryny bererler. Dermanhananyň dünýäniň iň tejribeli we ygtybarly derman öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk edýändigi sebäpli «Şypaly çomuç» tarapyndan hödürlenilýän arassaçylyk serişdeleri ilat arasynda uly islegden peýdalanýar.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar