XXI asyrda haýwanlaryň tagamly we ýokumly etinden taýýarlanan naharlary halaýan adamlara holesterin we onuň ganyň düzüminde köp mukdarda bolmagynyň getirip bilýän netijelerini aýtmak bilen eýmendirmek ýörgünli ýagdaýa öwrüldi. Hakykatdanam, holesterin molekulalarynyň «dykysy» uly damarlary ýapyp, ýürege ýa-da beýnä gan ýetmezçiliginiň döremegine sebäp bolmak bilen, ýürek infarktlarynyň we işemiki insultlaryň döremegine täsir edip bilýär. Munuň öňüni almak üçin köpler haýwanlaryň belogyndan doly ýüz öwürýärler we wegetarian menýusyna geçýärler. Şeýle-de bolsa, lukmanlar haýwan iýmitlerinden doly ýüz öwürmegiň bedene zyýanlydygyny we bu babatda holesteriniň doly täsiriniň ýokary däldigini nygtaýarlar.
Köpler holesteriniň şertli ýagdaýda «ýaramaz» we «gowy» diýen ýaly düşünjeler bilen bölünýändigini bilýän bolsalar gerek. Olaryň her biri madda çalşygy üçin möhümdir, ýöne bedende birinjiniň köp bolmagy damarlaryň aterosklerozyny we onuň infarkt we insult görnüşindäki zeperlerini ýüze çykaryp biler.
Holesterin, ýagny holesterol lipidler synpynyň, ýagny ýaglaryň ýag görnüşli maddasydyr. Ol suwda ýa-da ganda eremeýär, öýjük membranalary üçin «gurluşyk materialy» bolup, D witaminiň sintezine, şeýle hem aýal we erkek jyns gormonlaryna gatnaşýar.
Holesterin «ýaramaz» ýa-da «gowy» diýlip, ony haýsy lipoproteinleriň (gan plazma beloklary) gan damarlaryndan organlara geçirýändigine baglylykda tapawutlandyrylýar. Lipoproteinler pes we ýokary dykyzlykda bolýar. Eger holesterin pes dykyzlykly lipoproteinler bilen geçirilse ol «ýaramaz» täsirli bolýar, ylmy dilde aýdylanda pes dykyzlykly holesterin diýlip atlandyrylýar (PDLP). Hut şu holesterin gan damarlarynyň diwarlaryna ýapyşyp, aterosklerotik nyşanlary emele getirýär. Ýokary dykyzlykly bolan «gowy» holesterin (ÝDLP) ýolugra «ýaramaz» täsirleri ýygnap, bagra ibermek bilen öýjükleriň gurluşygyna gatnaşýar. Şeýlelikde, diňe pes dykyzlykly holesterin howpludyr, ýokary dykyzlykly bolsa tersine, peýdaly täsire eýedir. Sebäbi ol birinjiniň ýaramaz täsirini zyýansyzlandyrýar.
Фото: sirdsunveseliba.lv
Holesteriniň ýokarlanandygyny diňe gan analiziniň netijeleri arkaly öňünden bilip bolýar. «Ýaramaz» holesteriniň howpsuz derejesi 2,2 we 4 mmol/l, «gowy» holesteriniň derejesi bolsa — 1,42 we ondan ýokary mmol/l, şeýle-de umumy holesteriniňki bolsa — 5 ýa-da ondan pes derejede bolup, üýtgäp durýar.
Holesteriniň derejesi diňe bir iýmitleniş endiklerine däl, eýsem agrama, nesil yzarlamagyna, durmuş ýörelgesine, jynsa we ýaşa baglydyr. Adatça, haýwanlaryň ýaglaryny köp iýýän, çilim çekýän we az hereket edýänler adamlarda ýokary holesterin bolýar. Şeýle-de holesterini beta-adrenoblokatorlar (arterial gipertenziýadan we stenokardiýadan başlap), aritmiýa dermanlary, peşew dermanlary, steroidler, himiýa terapiýasynyň we AIW bejergisiniň derman serişdeleri ýokarlandyrýar.
Holesterini azaltmak üçin haýwan ýaglaryny iýmegi bütinleý kesmek oýlanyşykly çözgüt däldir, ýöne onuň haýsy iýmitlerde köp mukdardadygyny bilmelisiňiz. Olar:
- ýagly et, salo, bekon;
- mesge ýagy;
- şöhlat, büzmeç şöhlatlary;
- ýagly süýt, ýagly gaýmak.
Ýumurtganyň sarysynda, ýagsyz etde we towukda, organ etlerinde (bagyr, ýürek, öýken we ş.m.), deňiz önümlerinde, balykda az mukdarda holesterin bar. Ösümlik ýaglarynda holesterin düýbünden ýokdur, ýöne ösümlik ýagyndan ýasalan margarinlerde bolsa trans ýaglar bar. Trans ýaglarda holesterin ýok bolsa-da, olar gandaky holesteriniň derejesini ýokarlandyryp bilýär. Trans ýaglar ösümlik ýaglarynyň köp mukdarda gowrulan ýagdaýynda emele gelip bilýär, şonuň üçin ony ýygy-ýygydan çalyşmak zerurdyr. Trans ýaglar gaýmagyň ornuny tutýan emeli gaýmaklarda, doňdurmada we margarinde we tiz tagamlarda köp bolýar.
Фото: fitnessclubs.ru
Köplenç halatda nahar bişirilende şu hili tebigy ýaglary ulanmak peýdalydyr: awokado, hoz, pisse, ýagly deňiz balygy we balyk ýagy, günebakar çigitleri. Bu hili ýaglar öýjük membranalaryny has elastik edýär we öýjüklere holesterini has köp siňdirmäge mümkinçilik berýär, şeýlelikde hem onuň gandaky mukdaryny azaldýar.
Lukmanlar nesilden-nesle geçýän keseller, artykmaç agramlylyk, süýji keseli, ýürek-damar ulgamyndaky kynçylyklar ýaly agyr gelýän faktorlar bolmadyk ýagdaýynda 40 ýaşdan başlap gandaky holesteriniň derejesine her ýylda gözegçilik etmegi maslahat berýärler. Ýokarda agzalan saglyk kynçylyklary bar adamlar bolsa, ganyň holesteriniň derejesini has irki ýyllardan başlap barlamalydyr.
Netijede, iýmit kabul ediş tertibiňizden haýwanlaryň beloklaryny we ýaglaryny bütinleý aýyrmak ýalňyşdyr, sebäbi holesterin bedeniň kadaly alyş-çalşy we öýjük gurluşy üçin zerurdyr. Mundan başga-da, ony adam bedeniniň özi hem öndürip bilýär — ol bagyr öýjüklerinde, içegeleriň diwarlarynda we böwregiň ýokarysynda ýerleşýän endokrin demirlerinde emele gelýär. Onuň gandaky derejesine hem-de gündelik iýmitleniş tertibiňe gözegçilik etmek, şunuň bilen birlikde hem ýokary dykyzlykly haýwan ýaglarynyň we trans ýaglaryň kabul edilmegini çäklendirmek möhümdir.
Üns beriň! Makala diňe tanyşdyryjy häsiýete eýedir.
Şeýle-de okaň: