Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýagtylyk, kamera, motor... Doňdurma!

0
27930

Tanymal kompozitor Grigoriý Gladkowyň çagalar üçin döreden meşhur aýdymyndaky «Для чего был создан мир? Для того, чтоб есть пломбир» diýen setirler çagalaryň we uly ýaşlylaryň doňdurma iýmegi näderejede halaýanlygy baradaky duýgyny täsirli beýan edýär. Makalada diňe bir bu süýjülik bilen bagly faktlar barada däl-de, eýsem doňdurmanyň kinofilmlerde ýerine ýetiren «roly» dogrusynda hem gürrüň bermegi makul bildik.

«Goja Hottabyç», 1956-njy ýyl.

Bu meşhur erteki görnüşli film sowet döwrüniň pioner çagalary we Goja Hottabyç barada gürrüň berýär.

Gadyrly jin doňdurmany ilkinji gezek sirkde gördi. Onuň tagamy goja Hottabyça hoş ýakansoň, ol doňdurmany yzly-yzyna iýip, netijede sowuklady. Film surata düşürilýän mahaly jadygöýiň roluny ýerine ýetiren aktýor Nikolaý Wolkow sowuklamazlyk üçin doňdurmanyň ýerine glazirlenen peýnirçe iýipdir. Dubllaryň köp bolanlygy sebäpli, aktýor gaýdyp bu süýjüligi söýüp bilmejeginden zeýrenipdir.

Täsin fakt: Ilkini wanilinli doňdurma 1649-njy ýylda fransuz aşpezi Žerar Tirsen tarapyndan ýasalypdyr. Bu hili doňdurma meşhurlygy boýunça dünýäde birinji orunda durýar, ondan soňra bolsa gaýmakly, şokoladly we klubnika tagamly doňdurmalar has uly isleg bilen iýilýär.

«Operasiýa Y we Şurigiň beýleki başdangeçirmeleri», 1965-nji ýyl.

Leonid Gaýdaýyň Şurigiň we Lidanyň synaglara taýýarlanyşy barada gürrüň berýän filmi üç nowelladan: «Operasiýa Y», «Hemaýatkär» hem-de iň romantik bölümi bolan «Göz baglamak».

Salyhatly talyp ýigit özüne eskimo satyn alan mahaly Lida diýen bir «gowy gyz» bilen tanyşlyk açýar. Indiki sahnada bolsa Şurik Lidanyň elindäki doňdurmany kakyp ýere gaçyrýar, soňra bolsa ony alyp kakyşdyryp arassalajak bolýar-da, ahyrynda ýere zyňýar.

Täsin fakt: 1921-nji ýylda amerikaly doňdurma öndürijisi Kristian Nelson tejribe hökmünde plombire şokolad goşýar. Täze önüme «I-Scream batonjygy» diýip at goýýarlar (Bu bolsa «Men gygyrýaryn» diýmegiň aňladyp, «Ice Cream», vagny buz gaýmak diýen ýaly eşidilýär). Soňra bolsa Nelsonyň ýoldaşy doňdurmanyň adyny «Eskimo Pie» (Eskimo pirogy) diýip atlandyrmagy teklip edýär. Ilkinji eskimolar 10 sentden satylyp başlanýar.

«Brilliant el», 1968-nji ýyl.

Köpler meşhur sowet komediýa filminde Lýoligiň (Anatoliý Papanow) meşhur: «Çagalara doňdurma, zenanlara bolsa gül bermeli! Ünsli bol, Kutuzow, çalyşaýma!» diýen jümlesini bilýän bolsa gerek. Andreý Mironowyň personažy Geşa bolsa muny tersine edýär we baş gahrymanyň ogly onuň ýüzüne doňdurma zyňýar. Geň ýeri, bu filmde aktýora doňdurma däl-de dorag zyňylýar  we ony çaga däl-de režissýoryň kömekçisi kadryň gyrasyndan oklaýar.

Täsin fakt: Ben & Jerry’s önümçilik kompaniýasy Wermont ştatynda doňdurmalaryň gonamçylygyny döretdi. Bu ýerde ýerleşdirilen daşlarda meşhurlygyny ýitiren doňdurmalaryň atlary ýazylan. Mundan başga-da, kompaniýanyň ýörite saýtynda olaryň «direlmegi» üçin ses bermek mümkinçiligi bardyr.

«Öýde ýeke özi», 2000-nji ýyl.

Filmde baş gahryman Kewin telewizoryň öňünde ýatyp doňdurma iýmek bilen: «Men iýmesiz zatlary iýýän we görmesiz kinolary görýän. Hany, nirede siz?!» – diýýär. Doňdurma bolsa filmde oglanjygyň erkinliginiň, islän zadyny etmäge haklydygynyň alamaty hökmünde görkezilýär.

Täsin fakt: Adaty wanilinli doňdurmanyň 125 ml mukdarynda kalsiý we A witamini saklanýar.

«Brijit Jonsuň gündeligi», 2001-nji ýyl.

Eger «Öýde ýeke özi» filminde doňdurma hezilligiň nyşany ýaly çykyş edýän bolsa, Helen Fildingiň «Brijit Jonsuň gündeligi» atly romany esasynda surata düşürilen filmde ol göwnüçökgünligiň dermany ýaly şekillendirilýär. Halaýan doňdurmaňyzdan bir bedrejik almak bilen özüňizi ýyly ýorgan bilen örtüp, melodrama tomaşa etmek gam-gussa bilen göreşmegiň özboluşly usulydyr.

Täsin fakt: Tejribeli hünärmenler doňdurmanyň tagamyny anyklamak üçin altyn çemçe ulanýarlar, sebäbi adaty çemçeler iýeniňden soň tagamyny üýtgedýär.

Peýdalanylan çeşmeler: newokruga.ru; elle.ru; sweetcold.ru; infoniac.ru; make-eat.ru; culture.ru.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar