Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Görk agyzdan...»: adamyň tagam islegi bilen häsiýetiniň baglanyşygy

0
12226

Bu atalar sözi ýöne ýerden aýdylmandyr, çünki ynsanyň iýmiti, iýýän her bir zady onuň daş keşbine, şonuň ýaly-da häsiýetine täsirini ýetirýär.

Ynsanyň iýmek isleýän tagamlarynyň onuň gylyk-häsiýetine täsir edýändigi hakykat. Emma, bu ýagdaýyň nähili bolup geçýänligi nämälim, ýa adam öz organizminiň talap edýän iýmitlerini saýlap iýýär, ýa-da iýilýän her bir iýmit häsiýetiň kadalaşmagyna getirýär. Geliň, munuň bilen bagly käbir iýmit endikleri dogrusynda durup geçeliň.

  • Et önümlerine bolan isleg

Et agyr iýmit hasaplanýar, ony gaýtadan işlemek uly kuwwatlylygy talap edýär. Et önümlerine bolan güýçli isleg bilen B witaminleriniň, seleniň we sinkiň ýetmezçiligi ýa-da immunitetiň peselmegi mümkindir. Iýmitde et önümleriniň agdyklyk etmegi bir tarapdan energiýa berýär, beýleki tarapdan agressiw häsiýetiň kemala gelmegine getirýär. Et iýýänler gaty işjeň adamlar bolup, kem-kemden olaryň häsiýetlerinde gödek hereketler ýüze çykýar.

  • Balyga we deňiz önümlerine isleg

Balyklaryň we deňiz önümleriniň artykmaç kabul edilmegi beloklaryň köp bolmagyna, ýoduň köp bolmagyna, peýdaly Omega-3 ýag kislotalary, hrom we fosfor, tiroid beziniň ýagdaýyna we bedende metabolik proseslere peýdaly täsir edýär. Deňiz önümlerini halaýanlar ätiýaçly, mylaýym, asuda adamlardyr. Olar köplenç ökde diplomatlar we tejribeli analitiklerdir.

  • Süýt önümlerini halamak

Bu bedeniň, beýniniň işlemegi üçin möhüm komponent bolup, myşsalaryň we süňkleriň saglygy üçin zerur bolan kalsiniň ýetmezçiligini aňladýar. Süýt önümleri aşgazan-içege ulgamyna tiz täsir edýär we bagyrdan toksinleri çykarýar, şeýle-de melatoniniň öndürilmegine ýardam edýär. Süýt önümleriniň muşdaklary ýeňil häsiýetli, ak ýürekli, açyk, ýakymly we dostlukly, ýöne käwagt maksimalizmiň alamatlaryny görkezip bilerler.

  • Dogry iýmitlenmäge ymtylmak

Bugda duzsuz we şekersiz taýýarlanan iýmitleri halaýanlar, adatça kategoriýaly, täsirli, çydamsyz we birden köp hroniki keseli bar bolan adamlardyr. Hatda iň sagdyn iýmit hem lezzet bermeýän bolsa, bedene hiç hili peýdasy degmez, sebäbi reseptorlar gaýtadan işlemäge goşulmaýar we iýmit onuň üsti bilen geçýär.

  • Süýjülikleri halamak

Süýjülikleri örän halaýanlar — zyýanly uglewod iýmitlerini kabul edýän adamlardyr. Olaryň gündelik iýmitinde şokolad, süýji çörek, pirog ýa-da olaryň  ählisi birlikde bardyr. Ýönekeý uglewodlary köp bolan iýmitlere baglylyk belok ýetmezçiligini görkezýär. Emma, şokolad ýaly süýjüleriň bedene keýpi ýokarlandyrýan serotonini öndürmegine kömek edýändigi mälim hakykatdyr. Süýjini söýüjiler akyl taýdan zehinli, duýgur we howpsuz adamlar bolýar.

Olaryň aglabasynyň akyl işi bilen meşgullanýandygyny hem bellemeli, sebäbi süýjüler beýniniň esasy energiýa çeşmesidir.

  • Gök-bakja önümleri we miweler

Saglyk üçin iň peýdaly miweleriň we gök önümleriň ýeterlik kabul edilmegi hemişe zerur. Sebäbi ösümlik iýmitleri adamy agyrlyk we ukusyzlyk duýgusyndan gandyrýar. Gök önümleriň muşdaklary köplenç asuda, pragmatiki, deňagramly, laýyk we zähmetsöýer adamlar. Gök önümleri gowy görýän adamlar köplenç öňe saýlanýarlar, hemişe maksatlaryna ýetýärler we elmydama diýen ýaly dogry netije çykarýarlar. Miwe önümlerini halaýan adamlar bolsa döredijilikli we duýgur tebigata eýe bolup, daş-töweregindäkiler üçin ýaşaýarlar. Olar gaty ünsli we aladaly adamlar.

Psihologlar adamyň tagam islegleriniň çagalykdan döreýändigini, adamlaryň belli bir iýmiti has halan döwrüne dolanasynyň gelýändigini belleýärler. Köp alymlaryň pikiriçe, adam haýsydyr bir iýmitleniş kadasyna eýerseler-de, soňlugy bilen ozalky öz iýmitleniş kadasyna dolanýarlar.

Çeşmeler: school-science.ru; www.b17.ru; www.shkolazhizni.ru

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar