Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gyş şertlerinde saçlara nähili ideg etmeli

0
19330

Gyş pasly saçlar üçin örän çylşyrymly döwürleriň biri, sebäbi bu sowuk aýlarda saçymyz köp howa şertlerine şaýat bolýar: aýazly howa, şemal öwüsmegi, köplenç ýylylyk üçin başgap geýmegimiz, howanyň gurak bolmagy, iýmitlenişiň üýtgemegi we ş.m. Saçyň bozulmagynyň alamatlary hökmünde hem çişmegini, guraklanmagyny, dykyzlygyny, kesişmegini görkezmek bolar. Gyşda saçymyza täsir edýän bu meseleleriň jogabyny nädip tapyp bileris? Ýaz paslyna çenli saçlarymyzy nädip gowy ýagdaýda saklap bolar?

Ideg edýän serişdelerimize üns bereliň

Tertipli we owadan saçlar kelläniň sagdyn derisinden başlanýar. Şonuň üçin kelläniň derisiniň kadalylygyny saklamak üçin nemlendiriji we iýmitlendiriji täsir edýän, dogry şampuny saýlamak juda möhümdir. Iň oňat netijäni almak üçin balzama ýuwmagy ýa-da kondisioner täsirli serişdeleri ünsden düşürmäň. Nemlendiriji maskalar hem saça ideg etmäge uly ýardam eder. Olary saçyň ýagdaýyna baglylykda hepdede 2-3 gezek ulanmak bolýar.

Saçyňyzy dogry guradyň

Saçyňyzy fen bilen guradanyňyzda onuň gyzgynlygynyň täsirini pes derejede goýuň we saçyňyza ýokardan aşaklygyna howa akymyny gönükdirmek bilen kiçi konsentrator bölegini ulanyň, şeýlelikde hem saçyňyzy mümkin boldugyndan tekizläň.

Aýallar dellekhanasyna ýygy-ýygydan baryň

Saçyň suwsuzlanmagynyň öňüni almak, saçlary döwülmeginden goramak, şeýle-de ýokumly maddalary saçlara deň paýlamak üçin olary yzygiderli kesmek zerur bolup durýar. Şunuň bile birlikde hem, yzygiderli dellekhana hyzmatyndan peýdalanyp durmak saçyň sagdyn süýümlerini saklamaga mümkinçilik berer, sebäbi saçyň bölünen uçlary köplenç dykylýar, bu bolsa sagdyn saçlaryň dökülmegine sebäp bolýar.

Kelläňiziň gan aýlanyşyny kadalaşdyrmak

Gyşda howanyň temperaturasynyň pes bolýanlygy sebäpli, kelläniň damarlarynyň gan aýlanyşy ýaramazlaşýar, netijede saçyň köklerine kislorod we ýokumly maddalar az barýar. Kelläniň gan aýlanyşyny saçlary massaž edýän daragyň kömegi bilen 5-7 minudyň dowamynda kadalaşdyryp bilersiňiz. Gan üpjünçiligini intensiw gowulandyrmak kosmetiki amallar bilen hem üpjün edilip bilner: mikrotok terapiýa we krioterapiýa.

Iýmitlenişiňize üns beriň

Dogry iýmitlenmegi we ter gök önümleri köp iýmegi ýadyňyzdan çykarmaň, arassalanan agyz suwuny köp içiň, şeýle hem witamin we mineral önümlerini ýygy-ýygydan iýiň.

Suwuň temperaturasyny sazlaň

Bu ugurda hünärmenleriň maslahat berýän iň amatly temperaturasy 35-40 derejedäki mylaýym suwdur. Aşa gyzgyn suw saçyň terliginiň we göwrüminiň ýitmegine getirip biler, sowuk suw bolsa kapillýary çäklendirip, saçyň iýmitlenmeginiň peselmegine sebäp bolup biler.

Saçlar — islendik zenanyň bezegi. Saçyňyza dogry ideg ediň we bahar paslyny owadan garşylaň.

Çeşme: www.salonsecret.ru; cosmet.asstom.ru; life.nv.ua

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar